YLYM-BILIMIŇ ÖSÜŞI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry sanly bilimi we ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň elektron tilsimatlary gündelik durmuşda ulanmakda, täze tehnologiýalary özleşdirmekde, ornaşdyrmakda işjeňlik bilen tapawutlanýandygyny aýratyn bellemek bolar.

      Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we orta okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

      Diýarymyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Döredilýän sanly bilim portaly «Elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler» ýaly bölümleri özünde jemleýär. Geljekde ähli amatlyklary, ýeňillikleri, mümkinçilikleri özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň bilim derejesi artar. Bu bolsa, bilimiň bu görnüşiniň oňyn tejribesini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

      Tehnologiýanyň ösmegi bilen, elektron kitaplardan, elektron kitaphana ulgamlardan peýdalanýanlaryň sany köpelýär. Elektron kitap — munuň özi kitabyň elektron görnüşindäki sanly tilsimatlar arkaly taýýarlanan görnüşidir. Elektron kitaphana bolsa, dürli möçberdäki elektron kitaplaryň saklanýan ulgamyny göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaplar toplumy döredilip, ol kitaplar baradaky maglumatlar hem sanly ulgam arkaly beýan edilýär. Ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazgylarynyň nusgalary hünärmenler tarapyndan elektron maglumat görnüşine geçirilýär we ol maglumatlar gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi talyplara üznüksiz ýagdaýda bilim almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini täze döwrebap derejä çykarýar. Çünki elektron kitaphana ulgamy okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda bitewi elektron bilim gurşawyny emele getirýär.

      Ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmek ylmyň, bilimiň ösen innowasion usulyna geçmek babatda ileri tutýan wezipesi bolup durýar. Watanymyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesle döwrebap bilim berme giň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Elektron maglumatlar berilýän bilimiň has-da çuňňur özleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

      Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň netijelerini ylmyň ileri tutulýan ugurlary babatynda her ýylda däbe öwrülen Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ylmy işler boýunça bäsleşiginiň işjeň ýagdaýda geçirilmeginde-de görmek bolýar. Bu, öz gezeginde, türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň ylymda aýratyn tapawutlanmagyna, olaryň ylmy işleriniň höweslendirilmegine, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagy, ylmy-barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär

      Jemgyýetiň döwrebap ösüşiniň hereketlendiriji güýjüniň ylym-bilim bilen kesgitlenýändiginden ugur alyp, dünýä tejribesi bilen sazlaşykda ylym we bilim ulgamy netijeli ösdürilýär, döwlet tarapyndan ylym-bilime höwesek ýaşlara ähli şertler döre dilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň abadançylygyny, döwrebap ösüşini üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Güneşli Diýarymyzda ýaş nesle dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermek baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has hem ösdüriljekdigini aňladýar.

 

 

Ogultäç SABYROWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar