SÖZ ÄLEMINIŇ ÇYRAGY

      Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy eserleriniň many-mazmunynyň kämilligi bilen türkmen edebiýatyny dünýä tanadan beýik şahsyýetdir. Şahyr döredijilik älemine ýaş wagty başlapdyr. Onuň şygyrlary şol döwürlerden başlap, şu günki güne çenli söýlüp okalýar.

      Magtymguly Pyragy esasan watançylyk, öwüt-nesihat, gahrymançylyk yşky-liriki, dostluk temalarynda ýazypdyr. Onuň goşgulary halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Halkyň şol döwürdäki durmuşy, derdi-nalasy, arzuw-umytlary goşgularda ör-boýuna galan esasy temalara öwrülýär. Goşgularynyň diliniň şireliligi, sadalygy halkyň arasynda söýlüp okalmagynda özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Çeperçilik serişdeleriniň ýerlikli ulanylmagy bolsa, köp sanly alymlarda uly gyzyklanma döredýär.

      Magtymguly Pyragynyň adynyň birnäçe ýerlere dakylmagynda hem uly many-mazmun bardyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti, Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy akyldar şahyryň belent adyny buýsanç bilen göterýär.

      Pyragy özüniň ýaşan döwründe bir berkarar ýurt isläpdir. Akyldaryň arzuwlan zamany ine, bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl bolýar. Halkymyz parahat we abadan durmuşda ýaşaýar.

      Halkymyzyň arasynda beýik şahyryň hormat-sarpasy beýikdir. Akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bagşylaryň dilinde belent aýdym bolup ýaňlanýar. Her ýylyň 27-nji iýunynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny toýlamaga uly buýsanç bilen taýýarlyk görülýär.

      Milli mirasymyzy öwrenmek, türkmen edebiýatyny dünýä tanatmak boýunça beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 1292 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY

20 Noýabr 2024 | 1200 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY