BEHIŞDI BEDEWLER — MILLI BUÝSANJYMYZ

      Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleriniň taryhyň gatynda uly orny bar. Hormatly Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Hormatly Arkadagymyz bu kitabynda «...Halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň orny has ýokary bolupdyr» diýmek bilen, nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belleýär.

      Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler. Pederlerimiz towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedew aty ýetişdirmegi başarypdyrlar. Türkmen seýisleri «ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä onuň nä derejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler. Bedew atlara atlanan Watan goragçylary öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şeýlelik bilen olar söweş endiklerini we başarnyklaryny has-da kämilleşdiripdirler. Hormatly Arkadagymyzyň ýiti zehininden, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan behişli bedewlerimiz hakyndaky gymmatly eserleri tutuş halkymyz üçin möhüm gollanma bolup durýar. Çünki milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup durýan bedewler türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.

 

 

Bagtyýar Matdyýew,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 1292 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY

20 Noýabr 2024 | 1200 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY