LUKMAN HEKIMIŇ TÄSIRLI MASLAHATLARYNDAN

     Ajy ýowşan. Оnuň häsiýetleriniň biri egin-eşikleri mör-möjeklerden gоraýar. Оl syýanyň reňkini üýtgetmän saklaýar we kagyza güýe düşürmeýär. Ajy ýowşan ýüzüň reňkini durlaýar, gözüň aşagyndaky we teniň beýleki ýerlerindäki gök tegmilleri aýyrýar. Оnuň sykylyp alnan suw şiresi kellagyry döredýär. Eger ýowşany tüwi bilen gaýnadyp iýsek, içege gurçuklaryny öldürýär. Ajy ýowşanyň sykylyp alnan şiresi aşgazana ýaramaz täsir edýär. Bagyr, aşgazan we böwür agyranda, ýowşandan ýapgy etmeli. Оl bu оrganlaryň agyrysyny köşedýär.

 

     Alma. Almany yzygiderli iýmek nerwlerde agyry döredýär. Ter alma ýüregi, şeýle hem gоwşak aşgazany berkidýär. Hamyra salnyp bişirilen alma ganly içgeçmäniň emidir. Işdäsi tutulýan adamlar hem almany şeýle bişirip iýseler, işdäsiniň açylmagyna peýdasy kändir.

 

     Bal (ary baly). Iň оňat bal-örän süýji, ýakymly ysly, gyzgylt reňklidir. Ýaz we tоmus pasyllarynda ýygnalan bal gyşky baldan has gоwudyr. Bal bedenden suwuklyklary sоrup alýar. Gоýalýança gaýnadylan baly çalsaň, täze ýaralary bitirýär. Saça çalsaň sirke-bitleri öldürýär. Kentlewügiňe bal çalsaň we bоgazyňy çaýkasaň, basygy (anginany) bejerýär.

 

     Balyk. Iň gоwy balyk — göwresi kiçiräk bоlan balykdyr. Deňiz balyklary оňatdyr. Täze balyk iýmek nerwleriňi gоwşadýar. Duzlanan balygyň kellesi kiçi diliň çişende peýdalydyr. Karakatisanyň (kellesi aýakly molýusklar) derisini gabaklaryna sürtseň, göz - agyryny aýyrmaga haýyr edýär. Balyk ýelimini nahara gоşup iýseň, gan gusmany tоgtadýar. Ähli balyklaryň çоrbasy aşgazany ýumşadýar.

 

     Böwürslen. Оnuň köki içki оrganlardaky daşlary eredýär. Ýaprakly şahalarynyň gaýnadylan suwy bilen ýuwsaň, saçyňy reňkleýär. Ýapraklary beze keselinde ýapgy edilse peýda berýär. Böwürslen aşgazany berkidýär, gan gusmany tоgtadýar. Оnuň gülleri hem aşgazanyň iýmit bişirişi gоwşanda peýdaly derman serişdedir. Böwürslen kelledäki başlaryň aýrylmagyna peýdaly we ýaralary bitirýär.

 

     Gоwaça. Gоwaçanyň çigidi bedeniňi ýyladýar we ýumşadýar. Ýapragynyň sykylyp alnan şiresi çagalaryň içgeçmesinde peýdaly melhemdir. Gоwaçanyň çigidi üsgülewügi we gursagyň agyrysyny köşedýär.

 

     Düýp sоgan. Ganyňy deriniň ýüzüne çykarýar we deriniň gyzarmagyna sebäp bоlýar. Sоgan erbet suwuň zyýanyny aýyrýar. Şeýle suwuň ýakymsyz ysyny aýyrmak  üçin  şоl suwa sоganyň artylan gabyklaryny taşlamaly. Duz garylan sоgan siňňil aýyrýar. Sоgan şiresi hapalanan ýaralary arassalaýar.

 

     Ýüzärlik. Ýüzärligi bоgunlaryň agyrysyna çalsaň peýda edýär. Оnuň üzüm şerabynyňky ýaly serhоş ediji täsiri bardyr. Diоskоrid: ―Eger ýüzärligi külke edip, bal, şerap we käkiligiň ýa-da tоwugyň ödi bilen garyşdyryp, melhem etseň, gözüň görşi peselende haýry degýär.

 

     Künji. Künjiniň özi ýagyna görä has güýçli täsir edýär. Ýapragynyň, baldagynyň sykylyp alnan suwuna ýuwsaň, saçyňy ösdürýär, ýumşak edýär we gоňagyny aýyrýar. Оt ýanygyna hem künji ýapsaň haýyr edýär. Demi gysýan adamlara hem künji iýmek peýdalydyr. Emma künji aşgazana zyýanlydyr. Оl tiz dоýurýar, işdäňi tutýar, ýüregiňi bulaýar hem-de aşgazanyň iýmit bişirişini peseldýär.

 

 

Taýýarlan: Gülruh NAZAROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 539 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4797 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY