TAÝ BOKSY LOGIKI PIKIRIŇ, ÜNSÜŇ WE AÝGYTLY HEREKETIŇ SAZLAŞYGY

      Hindi-hytaý ýarymadasynda ýerleşýän döwletleriň söweş sungatlarynyň arasynda taý boksy özüne çekijiligi we özboluşly söweş emelleri bilen bada-bat ünsi çekýär. Boksuň bu görnüşi Tailandda has meşhur bolup, milli söweş sungaty hökmünde aýratyn orunda durýar. Şonuň üçin bolsa gerek, taý boksy bu ýurtda diňe bir sportuň görnüşi hökmünde däl, eýsem ol milli medeniýetiň aýrylmaz bir bölegine öwrülen, gadymy taý däplerini we rowaýatlaryny hem özüne siňdiren baý many-mazmunly sungat hökmünde bellidir. Her ýylyň 6-njy fewralynda  Tailandda şatlyk-şowhuna beslenip, baýramçylyk ruhunda milli taý boksuň güni bellenip geçilýär. Şol gün ussat taý boks söweşijileri täsirli we geň galdyryjy emelleri bilen görkezme çykyşlary guraýarlar. Bu çykyşlar taý halky we jahankeşdeler üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgady bolýar. Agşamyna bolsa, däp bolşy ýaly, özboluşly boks agşamlary geçirilýär we ol tomaşa edýänleriň ählisini tolgundyryjy pursatlary bilen özüne bendi edýär.

      Taý boksuna başgaça «muaý-taý» hem diýýärler. «Sekiz uçluklaryň söweşi» hökmünde atlandyrylmasy bolsa, juda geň. Bu ýerde söweşijiniň bedeniniň 8 hereketi göz öňünde tutulýar: iki ýumruk urgusy, iki tirsek urgusy, iki dyz urgusy, iki daban urgusy. Gözbaşyny «muaý-boran» usulyndan, ýagny däp bolan söweş emellerinden alyp gaýdýan taý boksy öz döwründe ençeme ussatlary dünýä tanatdy. Şeýle ussatlar hakynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda «Ong bak» filmler toplumynyň ussady Panom Ýirum biygtyýar ýadyňa düşýär. Ol öz ýurdunda Ong bak ýa-da Toni Jaa diýlip tanalýar. Ol bu ady öz döwründe uly meşhurlyk gazanan «Ong Bak» filmindäki üstünligi bilen gazanýar we şondan soň tomaşaçylaryň hakydasynda şol at bilen galýar. Ajaýyp söweş sungatynyň inçe tilsimlerine bagyşlanan filmlerde ussatlyk görkezen taý boks söweşijisi jenap Ja ussat kinorežissýor, aktýor, horeograf we kaskadýor hökmünde özüni ykrar etdirýär. Toni Jaa erkiň, erjelligiň, tutanýerliligiň we maksadaokgunlylygyň, şol bir wagtda garadan gaýtmazlygyň pursatlaryny adaty däl söweş hereketleri bilen kinoda ussatlyk bilen janlandyrmagy başardy. Ol şeýle ussatlyga ýetmekde  Jeki Çan, Jet Li we Brýus Li ýaly gündogaryň söweş usssatlarynyň gaýybana halypa bolup, ýol görkezendiklerini henizem buýsanç bilen ýatlaýar.

      Adatça, taý boksy bilen kikboks ussatlarynyň köp sanlysy meşgullanýarlar ýa-da taý boksuň emellerinden peýdalanýarlar. Şeýle ussat söweşijileriň arasynda Sombat Bançamek ady bilen tanalýan ýene-de bir taý boks ussady dünýä bellidir. Oňa «Ak lotos», ýagny ýerli dilde «Buakhau» diýýärler. Ol ençeme gezek dürli agramlarda dünýä çempiony bolmagy başarýar. Mundan başga-da, «Altyn oglan» lakamy bilen tanalýan gollandiýaly Badr Hari, Alistar Siis Owerim, «Kro kop» lakamy bilen belli bolan horwatiýaly Mirko Filipowiç, amerikaly söweş ussady we aktrisa Jina Joý Karano, ýaponiýaly Ýosihiro Sato, ermenistanly Geworg Petrosýan, azerbaýjanly Zabit Samedow, belarussiýaly Wasiliý Walerýewiç Şiş dürli ýyllarda geçirilen söweş sahnalarynda aldym-berdimli söweşleri alyp bardylar we garşydaşlaryna sähelçe wagtyň içinde uly zarba berip, ýeňiş gazanmagy başardylar.

      Taý boks söweşijä güýç-gaýrat, ruhy durnuklylyk we akyl-paýhas berýär. Söweş sahnasynda iki söweşijiniň alyp barýan söweş pursatlaryny sekuntlaryň söweşi diýip atlandyrmaga esas bar. Sähelçe haýal-ýagallyk söweşijini uly ýitgä sezewar edýär. Hereketiň ýa-da emeliň ýalňyşlygy bolsa, ýiti zarba duçar edýär. Ýöne söweşiji üçin oýlanmaga zat kän. Emel bar, usul-tär hem bar. Bedendäki güýç olary ulanmaga hemişe taýýar. Emma söweş sahnasyna çykaýýan pursadyň edil özüň ýaly, belki-de beden taýdan özüňden hem güýçli söweşijini görüp aljyraýarsyň. Ussat söweşijiler hem şu meselä aýratyn üns berýärler. Olaryň pikirine görä, gorky we aňdaky emele gelen durnuksyzlyk, garşydaşyňy ýeňmek dogrusyndaky aňyňda bekän logiki pikiriň bulaşmagy islendik pursatda agyr ýitgä getirýär. Şeýle ýagdaýa ýol berseň, güýç öz çäginden çykýar we ulanmaga ýaramsyz bolup galýar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, siziň ünsüňizi «logiki pikir-üns-aýgytly zarba-ýeňiş» söweş formulasyna çekmek isleýäris. Siz söweş sahnasynda. Siziň söweşiňiz sanlyja minutlardan başlanýar. Size aldym-berdimli söweş garaşýar. Özüňizi ýitirmäň, netijesine hem howlukmaň! Sabyrly boluň! Size formula ýardam berýär. Logiki pikir siz üçin zerur. Söweşiň öňýany garşydaş üçin taýýarlap goýan söweş hereketleriňizi aňyňyzda rejeläň! Ýöne bir zady ýatdan çykarmaň! Garşydaşyňyz hem siz üçin zarba beriji söweş hereketlerini aňynda taýýarlap goýandyr. Muny dessine duýmakda, bilmekde, akyl ýetirmekde size üns ýardam berýär. Söweş pursady örän seresaply, çalasyn we ünsli hereket ediň! Maý boldugy çekinmäň-de, garşydaşyňyza zarba beriň! Ýeňiş üçin bir ädim galdy. Şol pursatlaryň özünde aňyňyzda ýene-de hereket ugurlaryňyzy rejeläň, käbir gapma-garşylyklara we kynçylyklara berilmezden, zarba bermek üçin amatly pursady yhlas bilen gözläň! Şeýle söweş hereketleriniň üstünlik getirjekdigi şübhesizdir.

      Taý boksy sözüň doly manysynda, «öz-özüňi dolandyrmagyň» sungatydyr. Bedeniňi, ruhuňy taýýarlamagyň, berkitmegiň we ahlagyňy terbiýelemegiň mekdebidir. Ussat söweşijiler söweş sungatynyň islendik görnüşinde, has-da olaryň arasynda çylşyrymlysy we howplusy hasaplanýan taý boksda ussatlyga ýetmegiň syrlary dogrusynda gürrüň bermeli bolanlarynda, birhili dymýarlar we gysgaça «Taý halkynyň ýaş nesilleri bu söweş sungaty bilen gaty ir döwürlerden, 5 ýaşyndan başlap meşgullanmaga başlaýarlar. Olar eýýäm şol wagtdan söweş sahnasynda (ringde) häzir bolýarlar. Göz öňüňize getiriň, 5 ýaş! Çagalykdan beýnisine mäkäm ornaşan söweş emelleri we ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýän beden, uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerlilik we çydamlylyk bilen, bu ugurda ussatlyga ýetmäge mümkinçilik berýär»-diýýärler. Olaryň pikirine görä, bu söweş sungatynda üns we ruhy aň türgenleşigi, logiki pikir ilkinji orunda durýar. Olaryň ýerlikli ulanylmagy garşydaşyňa güýjüň esasynda, netijeli zarba bermäge şert döredýär. Beden kämilligi dogrusynda söz açanlarynda, ilki bilen bedeniňi dürli zarbalara taýýarlamak, ýagny urgulara çydamly etmegiň usuly taýýarlygynyň zerurdygyna ünsi çekýärler. Dürli tagtalara ýa-da agyr haltalara kadaly urgular taýýarlygyň başlangyç esaslary bolup durýar. Şonuň ýaly-da, olar gözleriň islendik pursatda ýardama gelýändigini ýatladýarlar: ýagny garşydaşyňyzyň ýiti gözleriňiz arkaly sustuny basyp boljakdygyna we aňynda möwjäp duran logiki yzygiderligini durnuksyz ýagdaýa getirip boljakdygyna ynanýarlar. Ýeri gelende, bu ýörelgäniň ähli söweş sungatlarynda ýörgünlidigini ýatladýarys we belli bir möçberde ýeňşe sebäp bolup durýandygyny bellemek isleýäris.

      Häzirki wagtda muaý-taý ýa-da taý boksy boýunça ýörite halkara federasiýa hereket edýär. Ol gysgaça IFMA, ýagny «International Federation of Muaythai Amateur» diýlip atlandyrylýar. Bu federasiýa 1993-nji ýylda esaslandyrylýar we şol döwürden bäri işjeň hereket edip gelýär. Öz döwründe söweşiň taý boks görnüşi boýunça dürli derejedäki ýaryşlary guraýar, şol bir wagtda dürli halkara ýaryşlaryň, esasan-da söweş sungatlary boýunça Aziýa oýunlarynyň çäklerinde, bu ugur boýunça ýaryşlara gözegçilik edýär. Federasiýa ilkinji muaý taý boýunça halkara derejeli ýaryşlaryny 18-nji Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirdi. Ýeri gelende bellesek, Günorta-Gündogar Aziýa  oýunlaryny geçirmek hukugyna Tailand öz döwründe 6 gezek (hususan-da degişlilikde I, IV, VIII, XIII-Bangkokda, XVIII-Çiangmaý şäherinde, XXIV-Nakhonratçasima sebitinde) eýe bolupdy. Geçen ýyl halkara federasiýa taý boksy boýunça iki sany halkara derejeli ýaryşy geçirdi. Olaryň biri Türkiýede, ikinjisi bolsa Sankt-Peterburgda geçirildi.

      Tailand öz döwründe ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça geçirilen halkara ýaryşlaryny birnäçe gezek geçirmäge hukuk gazanypdy. Sportuň ýapyk binalarda geçirilmegi üçin niýetlenen görnüşleri boýunça Aziýa oýunlary iki ýyldan bir gezek geçirilmäge niýetlenilip, oýunlaryň ilkinjisini 2005-nji ýylda Tailandyň paýtagty Bangkok kabul etdi. Iki ýyldan bir gezek geçirilmäge niýetlenip ýola goýlan söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň ilkinjisini hem 2009-njy ýylda Bangkok kabul edipdi. 2013-nji ýylda bolsa, oýunlar birleşip, ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary ady bilen Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirildi. V Aziýa oýunlary bolsa, biziň ýurdumyzda geçirildi. Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän taý boksy hem öz nobatynda Aziýa oýunlarynyň söweş sungatlary ugry boýunça maksatnamasynda aýratyn orun alýar. Şonuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda bu söweş sungatyna hem aýratyn orun degişlidir.

 

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 579 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4797 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY