ÝAŞ NESLIŇ BAŞARNYKLARYNY BAÝLAŞDYRMAK UGRUNDA

      Berkarar Watanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerini milli ruhda terbiýelemek, olarda ilkinji hünär we zähmet endiklerini kemala getirmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik ugurly çäreleriň hatarynda ýörite gurnaklar hem hereket edýär.

      Ýaş nesilleri ata Watana wepalylyk, sagdynlyk, arassa ahlaklylyk ruhunda, medeniýetlilik ýörelgelerinde terbiýelemek, olaryň iriki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmak, medeni-gözellik, tehniki-döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, tebigata aýawly garamak, durmuşa akyl ýetirmek düşünjelerini ösdürmek ýaly wezipeler ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan gurnaklaryň işiniň esasyny düzýär.

      Gurnaklara çagalar şahsy islegleri, öwrenmäge bolan höwesleri esasynda meýletin, ata-eneleriň razylygy boýunça kabul edilýär. Gurnaklardaky meşgullanmanyň dowamlylygy 30-35 minut bolup, 20 göterimi nazaryýet okuwyndan, 80 göterimi amalyýet okuwyndan ybaratdyr. Gurnaklar günüň ikinji ýarymynda hepdede bir gezek guralýar. Gurnaklaryň işi görnüşine görä okuw maksatanamasy esasynda alnyp barylýar. Çagalaryň  tebigy zehinlerini açmak, ukyplaryny baýlaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan bu işlerde usulyýetiň milli we häzirkizaman däpleri dowam etdirilýär, ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Terbiýeçileriň pedagogik taýýarlygy we usuly ussatlyklary bilen gurnaklardaky sapaklaryň mazmuny, hili we netijeliligi ösdürilýär.

      Ýeri gelende bellesek, çagalar ýaş aýratynlyklaryna görä daşary ýurt dillerini öwredýän gurnaklara we öz mümkinçiligine görä birnäçe gurnaklara gatnaşyp bilýärler. Çagalar bakja-baglarynda hereket edýän gurnaklarda ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny we gyzyklanmalaryny ösdürmek, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini kämilleşdirmek ugrunda baý mazmunly meýilnamalaýyn çärelere hem aýratyn orun berilýär. Çagalaryň başarnyklary, gazananlary yzygiderli höweslendirilýär. Gurnaklarda taýýarlanylan işler boýunça sergiler ýaýbaňlandyrylýar we tejribeler paýlaşylýar.

      Umuman mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen sazlaşykly guralýan gurnaklaryň ýaş nesliň ösüşinde we mekdebe taýýarlygynda ýokary ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda «Çagalary heniz olar mekdebiň bosagasyndan ätlemänkäler, çagalar baglarynda hünärlere ugrukdyrmak zerur. Terbiýeçiler çagalaryň hünärlere höwesi, ukyby bilen gyzyklanmalydyrlar, olara dürli hünärleriň aýratynlygy, gymmaty barada düşünjeleri bermelidirler. Ata-eneleriň öz çagalarynyň hünärleri saýlamaklaryna garaýyşlary bilen gyzyklanmalydyrlar. Soňra bu ugurdaky işler mekdeplerde dowam etdirilmelidir. Munuň şeýle bolmagy üçin biziň terbiýeçilerimizde we mugallymlarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Biz şol mümkinçilikler ýene-de kämilleşdirýäris, giňeldýäris» diýip, beýan edýän parasatly sözlerinden döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerinden ugur alyp bu ugurdaky wezipelere jogapkärli, tutanýerli we netijeli çemeleşmäge çalyşmak her bir bilim işgäriniň borjudyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim we terbiýe ulgamynyň işini kämilleşdirip, ýaş türkmenistanlylaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli şertleri döredip berýän Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köňüllerimiziň çuňluklaryndan gaýdýan arzyly alkyşlarymyzy zybana getirýäris.

      Goý, ata Watanymyzyň mizemez binýadyny berkidip, ak geljegiň düýbüni berkden tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,

Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly

4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Meňzeş habarlar

21 Sentýabr 2024 | 2 okalan

SUNGATDA GARAŞSYZLYGYMYZYŇ TARYPY

21 Sentýabr 2024 | 1 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

20 Sentýabr 2024 | 206 okalan

PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI