Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar.
Mälim bolşy ýaly, oktýabr aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy. Türkmenistan möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşmek bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär hem-de bu gadymy söwda ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ähli tagallalary edýär. Şeýle-de Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli dialogy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýyň kemala gelmegine ýardam berýär.
“Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň häzirki zamanyň ýagdaýlary we dünýä ykdysadyýetiniň obýektiw islegleri bilen sazlaşýandygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri şol strategiýanyň bu möhüm ugurda netijeli, durnukly, adalatly ulgamy döretmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň aglabasynyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýandygyny aýtdy.
Gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni gatnaşyklar bilen Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany birleşdiren Türkmenistan “ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we bütin dünýäniň abadançylyk bähbitlerine we we durnukly ösüşine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag pudagynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ymtylýar.
Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhy bar. Onuň bütin dowamynda biziň halklarymyzyň arasynda özara düşünişmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň özara baýlaşmagy babatda örän oňaýly şertler döredi. Biziň ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygynyň köprüsi bolman, eýsem, giň gerimli medeni gatnaşyklaryň hem köprüsi bolupdyr. Ýurdumyz bu örän özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri we ony dowam etdirijiler bolmak bilen, häzirki şertlerde öz gatnaşyklaryny ýola goýýar, hyzmatdaşlygy ösdürýär, gatnaşyklaryň dowamatlylygyny üpjün edýär.
Iki tarap hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan bu ugurda Hytaýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Häzirki döwürde hut ulag ulgamynyň biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýandygy nazara alnanda, Hytaý köp derejede örän möhüm hyzmatdaşymyz bolup durýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» strategik taýdan ähmiýetli çäreler göz öňünde tutulýar. Olar, hususan-da, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekden; ulag ugrunda halkara guramalar bilen badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda işleri geçirmekden ybaratdyr.
Milli ykdysadyýetiň ösüşindäki häzirki zaman ugurlary, şeýle hem raýatlaryň abadançylygynyň ýokarlanmagy täze içerki we halkara howa uçuşlarynyň açylmagyny talap edýär, üstesine-de, türkmen howa ýollarynyň tehniki enjamlaşdyrylmagy we häzirki zaman parky muny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylyp, içerki we halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda, halk hojalyk ýüklerini daşamakda öz wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýär. Howa ulaglary pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Bu pudak ýyl-ýyldan güýçli depginler bilen özgerip, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda özüne degişli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň howa menzilleriň iş usullaryny döwrebaplaşdyrmak ýaly işleri maksat edinip, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu ugurda guramaçylykly çäreleri durmuşa geçirýär.
Soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işiniň has-da kämilleşip, tehniki taýdan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, howa ulaglary pudagyna degişli binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, täze uçarlaryň birnäçesiniň satyn alynmagy umumy gazanylan ýokary netijeleriň gysgaça beýanyny düzýär. Aýratyn hem, soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň tehniki esasy hem düýpgöter özgerdi we kuwwatlandy.
Halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hasaplanýan Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginiň berkarar döwletimiziň halkara söwda aragatnaşygyny ösdürmekde, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ähmiýeti uludyr.
Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asudalygy, hoşniýetli we parahatsöýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýeti tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň girişmegi bilen «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça gurlan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar.
Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli özgertmeler bolup geçýär. Berkarar döwletimiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda bagtyýarlyk döwrüniň eşretli hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyza bu ugurda edilýän hyzmatlaryň görnüşleri-de, hili-de barha ýokarlanýar.
Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny we halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.
Kadyr AMANDURDYÝEW,
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň
Howa ulaglarynyň işgärlerini
taýýarlaýan mekdebiň mugallymy.