Futbol topa «erk etmegiň» özboluşly sungatydyr. Aýagyň astynda tigirlenip, islendik buýrugyňa taýýar duran top seniň akylly-başly we takyk çözgüdiňe laýyk hereket eder. Adatça, professional derejeli futbolçy topy dogry we dürs ugra gönükdirýär. Dünýä çempionatlarynyň birinde, Ronaldo hut şeýle ýagdaýy görkezip, ähli janköýerlerini haýrana goýupdy. Ol meýdançanyň merkezinden uzak aralyga topy dürs gönükdirmäni başardy we top sanlyja sekuntda özboluşly «aýlaw» edip, göni derwezä girýär. Bu pursat meşhur futbol ussadynyň üstünlikli zähmet ýolunyň ýyl ýazgysynda ýatdan çykmajak senä öwrülip, onuň şöhratyny has-da artdyrdy. Şeýle täsin pursatlara biz häli-şindi gabat gelýäris.
Siziň ünsüňizi topy dürs ýagdaýda garşydaşyň derwezesine gönükdirmegiň amaly usullaryna çekmek bilen, hünärmenleriň we professional futbolçylaryň maslahatlaryna salgylanyp, täsirli maglumatlary ýetirmegi maksat edinýäris.
Gürrüňi, adaty kadalardan başlalyň. Ilki bilen, garşydaşy mekirlik bilen güýmemek we özüň üçin hereket etmäge amatly orny saýlamak, özboluşly ýöriş edip, öňe usullyk bilen okdurylmak ýaly ýönekeý, şol bir wagtyň özünde akyl işjeňligini talap edýän ýagdaýlary görkezmek bolar.
Ussat futbol oýunçysy bolmak üçin nähili hereket etmeli? Bu babatda dünýä belli futbol oýunçylarynyň tejribeleri ýardam edip biler. Lionel Messi her bir Latyn Amerikan oglanjygy ýaly eýýäm çagalykdan çendenaşa futbol bilen gyzyklanýardy. Entek ýaňy çaga wagtyndan ol hetdenaşa joşup, köçedäki dost oglanjyklary bilen top oýnamagy endik edinipdi. Kriss Mýurreý ussat futbolçy bolmagyň usullary hakynda gürrüň bermek bilen, öz muşdaklarynyň ünsüni çekmegi başardy. Ol futboly oňat oýnamak üçin, güýçli hem çydamly bolmalydygyny öwran-öwran nygtaýar. Munuň üçin bolsa, size adaty maşklary ýerine ýetirmegi endik edinmek gerek. Şol bir wagtyň özünde, iýmite ünsi güýçlendirmek zerur hasap edilýär.
Dogry iýmitlenmek bedeniňi kadaly ýagdaýa getirmäge we ony saklamaga ýardam edýär. Futbolda gowy fiziki göwre iň wajyp zatlaryň biri hasaplanylýar. Eger-de siz hemişe ýagly naharlar bilen iýmitlenseňiz, bu, elbetde size futbolda üstünlik getirmez. Alma, apelsin, başga miweler, gök önümler hem-de ýeterlik derejedäki suw ýokumly maddalaryň örän oňat çeşmesi bolup durýar. Futbolda köp suwuklyk içmek örän wajypdyr. Bu size ähli togsan minudyň dowamynda kömek eder. Ýeterlik derejedäki suwuklygy içmek we berhizi dogry berjaý etmek size güýç-kuwwat berer. Uglewodlar siziň bedeniňize sport görkezijilerinde ýokary derejelere ýetmek üçin ýardamçy bolar.
Elbetde, dünýä belli işewürler baý bolmak we öz ykdysady mümkinçilikleriňi artdyrmak üçin «puly tygşytlamagyň ajaýyp usulyýetinden» bütinleý el çekmegi maslahat berýärler. Futbolda hem şunuň ýaly ynamsyzlygy we erksizligi ýeňmegi başarmagy maslahat berýärler. Görşüňiz ýaly, futbol ýönekeý bolşuna garamazdan, inçe hasap edilýän wajyp talaplary öňe çykarýar. Şeýle talaplar dürs we takyk ýerine ýetirilende, ussat futbol oýunçysy bolmak mümkinçiligi has ýokary bolýar.
Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.