Gahryman Arkadagymyzyň zehin sahawatyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi, zenan mertebesi barada giňişleýin beýan edilýär. Eserde Gahryman Arkadagymyz, mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär. Ogulabat ejäniň durmuş ýoly halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp mysalydyr. Bu eser eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasydyr. Onda ene mukaddesligi, maşgala ojagy, Watan, türkmenleriň milli özboluşlylygynda kemala gelen hem-de watançy we mynasyp raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär.
Ýurdumyzda eneleriň we zenanlaryň kämil kanunlar bilen kepillendirilen hukuk goraglylygy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň döredilmegi, aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy halkymyzyň enelermize goýýan hormatynyň nesillerden-nesillere geçýän milli ruhy ýörelgelere görä dowam etdirilýändigi dogrusyndaky durmuş hakykatynyň ykrarnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen jümläni getirýär. Şu jümläniň many-mazmunynda her bir perzendiň öz enesine bolan sylag-hormaty, söýgüsi öňe çykýar. "Sözden başlanýar ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene - ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene-döwletlilik» ýaly dört bölümden ybarat bu kitapda enelere bagyşlanyp, asyrlaryň dowamynda dörän rowaýatlar hem getirilýär. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitap ýaş nesli watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halky asyrlarboýy ýaş neslini belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Ata-babalarymyzyň däpleriniň dowamatlylygynda asylly enelerimiziň hyzmaty örän uly bolup, olar öz paýhasy, sabyrlylygy, öwüt-nesihatlary bilen milli jebisligimizi has-da berkitmäge, ýaşlarymyzy belent watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar.
Bize şular ýaly ajaýyp eserleri peşgeş berýän, ýaş nesillere görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit»
döwlet konserniniň şahamçasynyň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.