Alfa Romeo Automobiles S.p.A. dünýäde sport awtomobillerini öndürmekde iň öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Şeýle kompaniýanyň döredilmeginiň özboluşly taryhy bolup, üç ynsanyň zähmeti bilen baglydyr. Olar fransuz awtoulaglarynyň ussat inženeri – tehnolog Aleksandr Darrak, Italiýanyň Milan şäherinde ýaşan, öz döwrüniň abraýly aristokraty – kawaler Ugo Stella we dünýä belli italýan awtoulag öndüriji, telekeçi Nikola Romeo.
Alfa Romeo döredilmänkä Darrak Italiýada özüniň başga bir awtoulag kärhanasyny açypdyr. Täsin bir fransuz inženeriniň senagat önümçiliginde baý tejribä eýe bolmagy onuň bu ugurdaky üstünligidir. “Darrak” awtoulaglary sport ýaryşlarynyň naýbaşysydyr. Şeýle awtoulaglarda öz döwründe rekord netijeler gazanylypdyr. Çünki Darragyň kompaniýasynyň awtoýaryşlara niýetlenen ulaglary öndürmegi aýratyn üns merkezinde saklapdyr.
Darraga öz senagat önümçiligini Italiýada amala aşyrmak üçin bu ýurduň senagat eýeleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur bolupdyr. Ilkibada, bu pikiri amala aşyrmak kyn düşendigine garamazdan, Milan şäherinde ýaşaýan baý senagat eýesi Ugo Stella Darragyň hyzmatdaşlygyna bil baglapdyr. Şondan soň Darrak üçin täze fransuz-italýan hyzmatdaşlygy nusgasynda uly bir senagat önümçiliginiň başy başlanypdyr. Awtoulaglary öndürmek üçin ukyply we amatly kärhana wezipesi öňde durýardy. Şeýle kärhanany gurmak diňe Milan şäherinde mümkindi. Darrak tiz wagtda öz teklibini hyzmatdaşy Ugo Stella bilen birlikde hakykata öwürmegi başarypdyr. Kärhana 1909-njy ýylyň ahyrynda “Portello” ady bilen ýurduň Milan şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Portello etrabynda gurlupdyr. Bu bolsa, Italiýanyň taryhynda ilkinji gezek gurlan awtoulaglary öndürýän kärhana bolupdyr.
Milan, 1910-njy ýylyň 24-nji iýuny. Ine, şu taryhy senede A.L.F.A., italýança “Anonima Lombarda Fabrica Automobili” kompaniýasy esaslandyrylypdyr. Kompaniýa geljekki “Alfa Romeo”, ýagny “Alfa Romeo Automobiles S.p.A” kompaniýasynyň ilkinji adydyr. Bu ýerde awtomobil önümçiliginiň başy başlanyp, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak işi ýola goýlupdyr.
Eýsem, “Alfa Romeonyň” şöhratly taryhynda uly orun eýeleýän 3-nji ynsan Nikol Romeo kim? Ol italýan inženeri we kärhana eýesi, telekeçi. Kompaniýanyň döredilmeginde onuň hyzmatlary örän uly bolupdyr.
“Alfa Romeo” kompaniýasy 1932 – 1986-njy ýyllar aralygynda Italiýanyň döwlet holding korporasiýasynyň çäklerinde hereket edip, 1986-njy ýylda “Fiat Group” konserniniň düzümine goşulypdyr. 2007-nji ýyldan başlap, “Fiat Group Automobiles S.p.A” kompaniýasynyň bir bölegine öwrülipdir. 1976-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Milan şäherinde “Alfa Romeo” muzeýi açylypdyr.
“Alfa Romeo” häzirki döwre çenli dürli nusgaly awtomobilleri öndürip, özüniň muşdaklaryny guwandyryp gelýär.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.