Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly oba hojalygynda hem bimöçber işler alnyp barylýar, şanly özgertmeler gazanylýar. Bu ugurdaky netijeli işleriň oňyn netijeleri altyn güýzüň şu günlerinde hem görmek bolýar. Keramatly türkmen topragyna atan her bir dänäň ýüz, müň bolup öz rysgal berekedi bilen gaýdyp gelýändiginiň şaýady bolýarys. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumda bereket-bolçulygynyň döremegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyna getirýär.
Tyllaýy güýz. Şahyrlaryň ylhamyna ylham goşýan bu pasylda arly ýyl çekilen zähmet bereketli nygmatyny eçilýär. Ýylyň islendik paslynda-da daýhan aladalary az bolanok welin, güýzde olar has artýar. Gallaçylarymyz geljek ýyl üçin galla hasylynyň düýbüni tutsalar, pagtaçylarymyz «ak altynly» pelleriň ak baýlygyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginde dowam etdirýärler. Häzirki wagtda bolsa ýurdumyzyň sebitlerinde esasy baýlygymyz bolan gowaçanyň ýetişdirilen bol hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Kärendeçi daýhanlarymyzyň yhlasynyň we zähmetiniň ýerine düşmeginde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlaryndan netijeli peýdalanylýandygyny nygtamak gerek.
Oba hojalygynyň möhüm möwsümleriniň biri pagta ýygymy biziň etrabymyzda hem ýokary guramaçylykly we gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan birleşikleriň ýer eýeleri, kärendeçiler güýz paslynyň häzirki günlerinde gowaça meýdanlarynda uly joşgun bilen zähmet çekýärler. Her günde ýokary netijeleri gazanýarlar. Pagta ýygymynyň barha gyzyşýan günlerinde yhlas siňdirilip ýetişdirilen gowaçaly meýdanlary synlanyňda, daýhan azabynyň neneňsi ýerine düşýändigine göz ýetirýärsiň. Ak hanalara bürenen gowaçalar misli egnine ak don atynan deý, güýz şemalyna çala başyny atyp, özüni güjeňleýäne çalym edýär. Daýhan birleşikleriň gowaçaly pellerinde şeýle boldumly hasylyň kemala gelmeginde her bir pagtaçy kärendeçiniň uly goşandy bar. Ýygyp alaga-da, ýüze sylaýmaly ak hanalara olaryň ýylboýy çeken zähmeti siňipdir. Pagtaçylarymyz: «Halal zähmetden gazanylýan zatlar ömürlikdir» diýip, ak patrakly meýdanlara müň bir höwes bilen bakýarlar, pagtanyň her bir hanasyny isripsiz ýygnamaga çalyşýarlar.
Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň adyndan kärendeçileriň we mehanizatorlaryň armasyny ýetirip, olary ýene-de asylly zähmete ruhlandyrmak maksady bilen her ýygymda ýörite meýilnama esasynda «Ak altynym — ak bagtym», «Ýaryşly iş — ýeňişli iş» ady bilen zähmet ýaryşlaryny gurap, ýeňijilere guramamyz tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlary gowşurýarys. Başy belent harmanlara gözüň düşende «Berekella, daýhan saňa!», «Işiňiz ileri bolsun!» diýýärsiň.
Goý, mes toprakly ýerlerinden zer önýän Türkmenistan Diýarymyz güllesin we össün! Türkmen halkyny eşretli günleriň goýnunda ýaşadýan, biz ýaşlaryň okamagymyz, döretmegimiz, halal zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!
Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.