ŞAN-ŞÖHRATY ARŞA GALAN BEDEWLER

     Biziň ata – babalarymyzyň uly höwes, yhlas bilen ýetişdiren ahalteke bedewleri, türkmen halysy, milli dutary, ak bugdaýy, şaý-sepleri, alabaý iti dünýäde uly meşhurlyk gazanyp, halkymyzyň şöhratyny, at-abraýyny äleme aýan etdi. Bularyň ählisi-de, halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklarydyr. Olaryň dünýäde deňi-taýy ýokdur.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deň-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna tutulýan türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary giň gerime eýe bolýar. Ahalteke bedewini jany-teni bilen gowy görýän, oňa uly hormat goýýan  Milli Liderimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Döwlet guşy” romanynda mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigini görmek bolýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize söýgüsini öz ata-babalaryndan alyp gaýdýandygyny görkezýär. “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapada” ýaly kitaplary öz halkyna sowgat beren Milli Liderimize il- halkymyzyň hoşallygy çäksizdir.

     Taryhy maglumatlara görä, Aleksandr Makedonskiýniň tabşyrygy bilen ýazylan “Isgender bedewnamasy” atly eserde Parfiýa çeşmelerinde türkmen atlary, olaryň taryhy barada gyzykly gürrüňler berlipdir. Taryhy örän gadymy döwürlerden başlanýan miladydan öňki 8000 – 4000-nji ýyllar aralygynda Orta Aziýada, Günorta Türkmenistanda ýabany atlaryň bolandygyny we olaryň eldekileşdirilip başlanandygyny alymlar ýazýarlar. Dünýä belli serkerde Aleksandr Makedonskiýniň iň söýgüli ahalteke aty Busefal diýlip atlandyrylypdyr. Grek dilinden terjime edilende, ol “öküz kelle” diýen manyny berýär. Ol Hindistanda bolan agyr söweşde wepat bolan türkmen atyna ýadygärlik galdyryp, Busefalyň adyny göterýän şäheri gurdurýar. Ol dünýäde atyň adyny göterýän ýeke-täk şäher bolýar. Aleksandr Makedonskiý türkmen atlary barada şeýle diýipdir: “Beýle atlar dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýok. Olar dogumly, ýüwrük, şeýle çydamly, endamy ak, ýakymly, edil säher şapagynyň şuglasy ýaly...” diýip, belläp geçipdir.

      “Asman aty” bilen baglanyşykly wakalar XX asyrda hem bolup geçýär. Olaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen “Aşgabat – Moskwa” atly ýörişidir. Bu bolsa, türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

     Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň “Aty gerek” atly goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirmeýär.

At gazanar goç ýigidiň,

Owal bedew aty gerek.

Gelene garşy çykmaga,

Ýagşy muhabbeti gerek.

     Watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň şeýle setirlerini ýatlaman geçip bolmaz:

Müneňde şaý bolsa tükel esbaby,

Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Jul eýleseň, atlas zerbaby,

Şonda biarmanadyr üsti bedewiň.

     Şu setirlerde şahyryň ömrüni atyň üstünde geçirmek bilen, onuň çäksiz wepasyny gören ynsandygyna göz ýetirmek bolar.

     Magrupy şahyr özüniň “Ýigide gaýratdyr bedew” diýen goşgusynda “Hanlar saňa ýüz müň tümen berselerem, sen ony satyp bilmersiň” diýip, ussatlyk bilen taryp edýär.

Kakdyryp nalyn kümüşden,

Iýmiti dürli iýmişden,

Ýüwrüşi artykdyr guşdan,

Bahar öwsen batdyr bedew.

     Atyň owadanlygy, uz ýöreýşi, edim-gylymy gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetler bilen deňelýär. Muňa mysal edip, Annagylyç Mätäjiniň “Bedew” şygyryndan:

Pelläge barsaň, meger gyzdan gylykly duruşyň,

Ýörhä-ýör bolsa ýene, towşan kimindir turuşyň.

-diýen setirleri mysal getirmek bolýar.

     Ýene-de bir nusgawy şahyrlarymyzyň biri Mollanepes hem “Bedew” atly şygrynda aty adamyň gylyk-häsiýeti bilen deňeşdirip şeýle diýýär:

 

Häsýetiňni aýtsam, söýetiň söýgüli sen,

Akly adam, jynsy haýwan, keseri dana bedew.

 

     Nusgawy şahyrlarymyz bedew atyň gahrymançylygyny wasp etmekde diliň çeperçilik serişdelerinden we dürli gurluşlaryndan ussatlyk bilen peýdalanypdyrlar.

     Türkmen şygyr sungatynda türkmen bedewlerine bagyşlanan goşgulardyr poemalary bir ýere jemleseň, olar birnäçe kitap bolardy. Bu bolsa, biziň öz milli baýlygymyz, göz guwanjymyz bolan atlarymyza goýulýan aýratyn sarpadan nyşandyr. Türkmen bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz: “Gyz gylykly, owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz goýýar” – diýip, örän jaýdar belleýär.

     XX asyr türkmen edebiýatynda hem bedew aty wasp edýän eserler köpdür. Şolardan, Mämmet Seýidowyň döredijiliginde at aýratyn orun tutýar. Şahyryň “Gaplaň”, “Garlawaç”, “Kepderi” diýen poemalarynyň her haýsysy atşynaslygyň taryhynda bolup geçen wakalar hakynda gürrüň berýär. Berdi Kerbabaýewyň “Aýgytly ädim” romany, Agageldi Allanazarowyň “Gyratyň howalasy” diýen powesti, Ata Gowşudowyň “Dordepel” diýen powesti bilen tanyş bolmadyk az bolsa gerek.

     Ýazyjy – şahyrlarymyzyň hemmesi diýen ýaly, bedew atlarymyz hakynda ençeme şygyrlary, eserleri ýazdylar, çünki türkmen halky bedewlerimizi özleriniň guwanjy hem-de buýsanjy hasaplaýar. Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesowyň “Aýlawda” we Italmaz Nuryýewiň “Çapyksuwar”, “Taýçanak” ýaly goşgulary aýratyn  bellenilmäge mynasypdyr.

Bir ýerde durasy gelmeýär onuň,

Goýmaýar erkine arzuw-hyýaly.

Hälden bäri iki ýana at salyp,

Ýüwrük aýaklaryna sarap ýör ýoly.

     Italmaz Nuryýewiň “Taýçanak” goşgusyny okanyňda kalby hyjuwly, bökjekläp duran çagalar göz öňüňe gelýär.

     Hakykatdan-da, biziň  behişdi bedewlerimiz hem ganatly, hem halatly. Megerem, şonuň üçin hytaýlylar olara “Asman aty” diýendirler. Görogly beg bir sözünde “At – ýigidiň gardaşydyr” diýipdir. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew täsirli goşgy ýazypdyr:

“At  ýigidiň ganatydyr” diýen söz

Ýöne ýere dörän däldir aslynda.

Türkmen bedewi deý ganatly jandar

Meger, ýokdur bu zeminiň üstünde.

     Türkmeniň bedew atlary hemişe ýyndam we çydamlydyrlar. Olar mydama tagzym edilmäge mynasypdyrlar. Bedewlerimiz halklar bilen bilelikde, köp asyrlyk taryhyň içinden geçip, dünýäniň ähli hadysalarynyň girdabynda aýnalypdyrlar. Olara ençeme ýadygärlikler bina edildi, olaryň şanyna şäherler guruldy. Olaryň ajaýyp keşpleri ençeme ýurtlaryň teňňe pullarynda şekillendirildi. Emma hiç bir at üçin ahalteke atynyň şanyna düzülişi ýaly, şeýle köp rowaýatlar, aýdym-sazlar, goşgular, ertekiler düzülen däldir.

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY