TÜRKMEN ALABAÝY — TÜRKMEN SPORTUNYŇ MILLI ŞEKILI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy milli gymmatlygyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan baýramlaryň biridir. Bu ajaýyp baýram günlerinde türkmen alabaýynyň häzirki eşretli zamanamyzda türkmen sportunyň milli şekiline öwrülendigi barada söhbet etmek bolsa, biz üçin diýseň ýakymlydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Dünýäniň iň gadymy itleriniň biri hasaplanýan türkmen alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr.» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly türkmen alabaýy itşynaslyk sungatynda itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, onuň ýaşy takmynan 3 müň ýyldan 6 müň ýyla çenlidir. Onuň daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkiden üýtgemän, asyl görnüşinde şu güne çenli saklanyp galmagy hem türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşly aýratynlygydyr. Bu tohumyň emele gelen tebigy sebiti günbatarda Hazar deňzinden gündogarda Hytaýa çenli bolan aralygy öz içine alýan Aziýa yklymynyň çägidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýagny şöhratly taryhymyzda 70-den gowrak döwlet gurup, yklyma ýaýran merdana ata-babalarymyzyň Aziýa yklymynda ösdürip ýetişdiren türkmen alabaýynyň täsin keşbi Wepaly ady bilen «Aşgabat – 2017» V Aziýa oýunlarynyň milli sport şekili we milli bezeg nusgasy hökmünde saýlanylyp alyndy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmen alabaýy» atly diýseň çuň mazmunly ajaýyp kitaplarynda örän giňişleýin çeper beýan edilýär. Aýratynda, Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň «Çagalyk dosty – wepaly dost» diýen bölüminde belleýşi ýaly, alabaý güjüjegi bilen oýun edişilip, bile ylgalan, tälim berlen pursatlarda ýaş oglanjygam, ýetginjegem beden taýdan berkeýär, onuň ýatkeşlik, çeýelik endikleri kämilleşýär. Diýmek, alabaý bilen çagalykdan dostluk ýaş oglanda sport endiklerini ösdürýär. Çünki, sport türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde düşündirilişi ýaly, ol bedenterbiýäniň düzüm bölegi bolup, adam bedenini ösdürmegi we berkitmegi, ony ahlak taýdan terbiýelemegi we ýaryşlarda onuň ýokary netijeler gazanmagyny maksat edinýän fiziki maşklar toplumydyr. Şu fiziki maşklar toplumynyň başlangyç hereketlerini bolsa, ýaş oglan çagalykda alabaý güjüjegi bilen geçiren pursatlarynda amal edýär diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň ýokarda ady agzalan ajaýyp kitabynda beýan edişi ýaly, türkmen alabaýy juwan ýaşdaky ynsanda ýatkeşlik, çeýelik endiklerini, wepalylyk, batyrlyk, merdanalyk, edermenlik häsiýetlerini kemala getirýär. Şonuň üçin-de, türkmen alabaýy türkmen sport hereketiniň kemala gelmeginiň milli gözbaşydyr diýsek hem ýalňyşmarys. Hut şu nukdaýnazardan-da, geçmiş taryhymyza ýüzlenenimizde, ýaş oglanjyklarda we ýetginjeklerde  häzirki zaman sport maşklarynyň başlangyç hereketleriniň berjaý edilmegine goşant goşan, merdana ata-babalarymyzyň Aziýa yklymynda ösdürip ýetişdiren Wepaly türkmen alabaýynyň keşbinde «Aşgabat 2017» V Aziýa oýunlarynyň milli bezeg nusgasynyň, şeýle-de bu halkara bäsleşiginiň maksatnamasyna girizilen 21 sany sport görnüşiniň – türkmen milli göreşiniň, atly sportuň (konkuruň), 3×3 basketboluň, bilýardyň, guşakly göreşiň, bowlingiň, küştüň, tans sportunyň, futzalyň, ýeňil atletikanyň, tennisiň, jiu-jitsunyň, kikboksingiň, kuraşyň, sambonyň, taekwondonyň, taý boksynyň, gysga aralyga suwda ýüzmegiň, welosportuň (tregiň), agyr atletikanyň, sport göreşiniň şekilleriniň taýýarlanylmagy hem, milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly baý taryhy mazmuny özünde jemleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp kitabynda örän jaýdar beýan edişi deýin,  wepalylygyň, dogruçyllygyň, adalatly we aýgytly hereket etmegiň, garşydaşy ýeňmegiň – ýeňiş gazanmagyň alamaty bolan Wepaly türkmen alabaýynyň täsin keşbi esasynda "Aşgabat - 2017"  V Aziýa oýunlary mynasybetli taýýarlanylan milli bezeg nusgasy we milli sport şekilleri «Ýagşy niýet ýarym döwlet» diýilişi ýaly, türkmen türgenlerinde çäksiz ruhubelentligi, adalatly we aýgytly hereket etmäge, garşydaşy ýeňip ýeňiş gazanmaga bolan maksadaokgunlulygy döredip, olara uly üstünlik gazandyrdy. Ýeri, gelende aýtsak, «Aşgabat - 2017» V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlara, dünýä belli halkara sport tälimçilerine we türgenlerine sowgat berlen türkmen alabaýynyň sowgatlyk sport şekilleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen sportunyň şu günki ýeten belent derejesini bütin ýer ýüzüne äşgär etdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen alabaýynyň keşbinden  «Aşgabat - 2017» V Aziýa oýunlary mynasybetli taýýarlanylan milli bezeg nusgasy we milli sport şekilleri şol sport bäsleşiginden soň, türkmen sportunyň umumy milli bezeg nusgasyna we milli sport şekillerine öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen sportunyň milli şekiline öwrülen türkmen alabaýlaryna Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyk hökmünde ýokary baha berilýär hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap merkezleri gurlup, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredildi. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda üç dilde – türkmen, rus, iňlis dillerinde «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň ilkinji sany neşir edildi. Bu täze neşiriň birinji sanynyň döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli çap edilmegi hem, Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratynyň dünýä dolandygy bilen baglanyşykly baý mazmuny özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, Ahalteke atlaryny seýislemek we türkmen itlerini köpeltmek sungatyny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak meýilleşdirilýär.

 

Toýly JÄNÄDOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Öňki makala

AK ALTYNYM — AK BAGTYM

Indiki makala

ÝYLY SUW ŞYPAHANASY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY