AFK ÇL: «AHAL» DAŞKENTDE «PAHTAKORDAN» ASGYN GELDI

      AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «А» toparçasynda çykyş edýän «Ahal» myhmançylykda Özbegistanyň «Pahtakory» bilen duşuşdy. Toparçadaky üçünji duşuşykda ýer eýeleri 3:0 hasabynda üstün çykdylar.

      22-nji minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyny «Ahalyň» derwezebany Rüstem Ahallyýew saklamagy başardy. Şondan soňky hüjümde bolsa «Pahtakoryň» oýunçysy Erkinow hasaby açdy. Soňra Turgunboýewiň dubly (27, 59) bellige alyndy.

      Mundan başga-da, «Ahalyň» çykyş edýän «А» toparçasynda «Al-Aýn» (BAE) bilen «Al-Feýhanyň» (Saud Arabystany) duşuşygy hem ýaýbaňlandyryldy. Bu oýunda «Al-Aýn» garşydaşyny uly hasap bilen ýeňdi — 4:1. Şeýlelikde, üç tapgyrdan soň «Al-Aýn» 9 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekmegini dowam etdirýär. «Ahal», «Pahtakor» we «Al-Feýha» bolsa 3 utukdan topladylar.

      «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky nobatdaky duşuşygyny ýurdumyzda «Pahtakoryň» garşysyna geçirer. Oýun 7-nji noýabrda Aşgabatda geçer.

 

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 0 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR