TÝL ― 2023: «ENERGETIK» ILKINJI GEZEK AWTOGOL GEÇIRDI

      «Energetigiň» futbolçysy Aşyr Jumadurdyýew Ýokary liganyň şu möwsüminde öz derwezesinden pökgi geçiren 8-nji futbolçy boldy. Ol düýn 19-njy tapgyryň duşuşygynda bu ýalňyşlygy goýberdi. Duşuşyk myhman toparyň ― «Altyn asyryň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

      Şeýlelikde, A.Jumadurdyýew şu möwsümde «Energetigiň» awtogol geçiren ilkinji futbolçysy boldy. Mundan ozal Ýokary liganyň şu möwsüminde «Aşgabat» bilen «Ahalyň» her birinden üç, «Köpetdagdan» bolsa bir futbolçy öz derwezesine pökgi geçirdi.

      Möwsümde bu ýalňyşlygy heniz iki gezek gaýtalan futbolçy ýok.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 108 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR