MESSI SEKIZINJI GEZEK «ALTYN TOPA» MYNASYP BOLDY

      Pariž şäherinde Fransiýanyň «France Football» gazeti tarapyndan geçen möwsümiň jemleri boýunça «Altyn top» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Geçirilen ses berlişigiň netijelerine laýyklykda, baýraga ABŞ-nyň «Inter Maýami» klubynyň hem-de Argentinanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Lionell Messi mynasyp boldy.

      Argentinaly super ýyldyz geçen möwsümde Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň düzüminde Liga 1-de 32 oýunda meýdança çykyp, 16 gol urdy hem-de 16 golly pas berdi. Şeýle-de, Messi ÝÇL-de dört gola awtorlyk edip, dört gezek hem gola assistentlik etdi.

      Mundan başga-da, Lionell Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilen DÇ-2022-de çempion bolmagy başardy. Ol mundialdaky ähli oýunda meýdança çykyp, turnirde öz adyna 7 gol ýazdyrdy (şolaryň ikisi finalda) we 2 sany gola pas berdi.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 108 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR