DAŞOGUZDA BANK IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA FUTZAL ÝARYŞY GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň bank edaralarynyň arasynda futzal boýunça welaýatyň göçme Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly tapgyry geçirildi. Her ýyl ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen hem-de bank ulgamynyň wekilleri tarapyndan uly höwes we işjeňlik bilen gatnaşylýan bu ýaryşa Türkmenistanyň Merkezi, «Türkmenistan», «Daýhanbank» döwlet täjirçilik hem-de, «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň Daşoguz şäher şahamçalarynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar.

     Toparlar öz aralarynda aýlaw görnüşinde bäsleşdiler. Bu bolsa haýsy ýygyndy toparyň has ökdedigini ýüze çykarmaga ýakyndan itergi berdi. Çalasyn bank pudagynyň ýaş wekilleriniň ýaryşy Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynyň ýapyk meýdançasynda geçirildi. Oýunlar biri-birinden gyzykly we dartgynly ýagdaýda geçdi.

     Netije-de, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy topary hormatly 1-nji orna hem-de göçme Kuboga gaýtadan mynasyp bolmak bilen, reýtingdäki öz ornuny saklap galmagy başardy. 2-nji, 3-nji orunlary «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz şäher şahamçasynyň ýygyndy toparlary eýelediler.

     1 – 2 – 3-nji orunlara mynasyp bolan ýygyndy toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

turkmenportal.com