Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, bilimini kämilleşdirmegi üçin amala aşyrylýan şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlara döwrebap bilim bermekde ähli mümkinçilikler döredildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip bellemek bilen, Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işiniň düýpli kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, mugallymlaryň işiniň döwrebap guralmagyna we olaryň hünär kämilligine bolan talaplar barha artýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bäsdeşlige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek üçin tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilýär.
Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmekleri üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilşiniň ýokary derejesini gazanmak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty dolandyryş merkezi Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatdaky “Adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri hem ylymdyr” diýip aýdan setirlerinde hem ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän öňdengörüjilikli ynsanperwer täze syýasy we ykdysady ugrunyň ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyň subut edýär. Talyp ýaşlar döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysadyýeti şertlerde işlemäge taýýar bolarlar hem-de bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan parahat we gülläp ösýän ýurdumyzyň hakyky watançylaryna, täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrüler.
Maraljan SUÝÜNOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň 5-nji ýyl talyby.