GUDRAT

      Sally kakasy we ejesiniň kiçi dogany Jorj hakyndaky gürrüňleri eşden mahaly sekiz ýaşyndady. Dogany gaty keseldi we ony halas etmelidi. Jorjy diňeje gymmat operasiýa bilen halas edip bolýardy, emma bu wagt olarda mümkinçilik ýokdy. Sally kakasynyň umytsyz ejesine aýdan sözlerini eşitdi: “Ony diňe gudrat halas edip biler”.

      Sally bu sözleri eşdip-eşitmänkä, ýuwaşlyk bilen öz otagyna tarap ýöredi. Towşanjyk görnüşindäki pul ýygnaýan gabyny gizlän ýerinden çykardy we ýuwaşlyk bilen içindäki pullary ýere döküp, sanamaga başlady. Ýalňyşmazlyk üçin pullaryny üç gezek sanady. Soňra hemmesini jübüsine salyp, howlukmaçlyk bilen öýden çykyp, uzak bolmadyk dermanhana gitdi.

      Dermanhanaçynyň ünsüni çekmek üçin uly sabyr bilen garaşdy. Dermanhanaçy gaty işlidi we adamlara dermanlary nähili ulanmalydygyny aýdýardy. Dermanhanaçy şeýle köp işiň arasynda, sekiz ýaşyndaky çaga üns bermedi, ýöne birden göreninden soň:

      — Hawa, aýt bakaly, näme isleýäň?-diýdi.

      — Biraz tizräk bol, görşüň ýaly bu jenap bilen işleşmeli-diýip, ýanyndaky gowy geýnüwli adamy görkezdi. Sally:

      — Doganym-diýdi. Sessizje ýuwdunanyndan soň, dowam etdi:

      — Doganym gaty kesel, bir gudrat almak isleýän-diýdi. Dermanhanaçy Salla seredip:

      — Düşünmedim-diýdi.

      — Neme, kakam ony diňe gudrat halas edip biler diýdi, bir gudratyň bahasy näçekä, jenap? Bu gezek dermanhanaçy kiçijek gyza mähir we gynanç bilen seretdi:

      — Gynanýan, kiçijek gyz, biz bu ýerde gudrat satmaýarys, saňa kömek edip bilmerin-diýdi. Sally aňsatlyk bilen niýetinden gaýtmak islemedi. Sally dermanhanaçynyň gözleriniň içine seredip:

      — Tölemäge pulum bar. Maňa diňe bahasyny aýtsaňyz bolany-diýdi. Şol wagt Sally we dermanhanaçynyň ýanynda garaşyp duran gowy geýnüwli adam:

      — Doganyň üçin nähili görnüşdäki gudrat gerek, kiçijek gyz?-diýip sorady. Sally:

      — Bilemok-diýip jogap berdi. Soňra onuň gözlerinden aşak tarapa syrygýan ýaşlar akdy:

      — Bilýänje zadym, jigim gaty kesel. Ejem operasiýa edilmese, halas bolup bilmejekdigini aýtdy we maşgalamyzyň bolsa, operasiýa tölemäge pullary ýok. Emma kakam: “Ony bir gudrat halas edip biler” diýeni üçin, menem pulumy alyp, şu ýere geldim-diýip, naýynjar seretdi.

      — Bolýa, näçeräk puluň bar-diýip, gowy geýnüwli adam sorady. Sally:

      — Bir dollar we on bir sent. Dünýädäki hemmeje pulum şu!-diýip jogap berdi.

      — Gaty gowy, bu pul kiçi doganyňa gerekli bolan gudrata ýetäýjek möçberde-diýip, gowy geýnüwli adam jogap berdi. Adam bir eline puly aldy we beýleki eli bilen Sallynyň elini tutup:

      — Meni ýaşaýan ýeriňize alyp gidermiň?-diýip sorady.

      — Kiçi doganyňy we maşgalaňy tanamak isleýän-diýdi. Gowy geýnüwli adam Dr. Karlton Armstrongdy we Jorj üçin gerekli bolan operasiýany edip biljek tanymal bir doktordy.

      Operasiýa üstünlikli tamamlandy we Sallynyň maşgalasy hiç hili töleg tölemedi.

      Maşgalanyň hemmesi bagtly görnüşde öýlerine gaýdanda, hälem bolan wakalaryň täsirinden çykyp bilmändiler. Ejesi:

      — Häli ynanyp bilemok. Bu operasiýa gudrat! Dogrusy, operasiýanyň bahasynyň näçe bolandygy bilen gyzyklanýan-diýdi. Sally öz-özüne ýylgyrdy. Ol bu operasiýanyň bahasynyň näçe bolandygyny bilýärdi: Bir dollar we on bir sent!

 

 

 

Terjime eden: Annagözel GURBANOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 44-nji

orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY