TÜRKMEN ÝAŞLARY DÜNÝÄ ÇYKÝAR

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirip, şugla saçýan ýagty ertirleriň eýeleri hökmünde garaýar. Döwletimizde ýaşlar syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilip, ýaşlaryň ruhy-ahlak, aň-paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösmeginde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.

     Şu ýylyň 10-njy iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanandygyna uzak wagt geçmänkä, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzümi bolan ÝUNESKO-dan hoş habaryň gelip gowuşmagy örän buýsandyryjy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilendigi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny ýerine ýetirmekde möhüm ädimi boldy. Häzirki wagtda Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmakda, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmekde netijeli işleri alyp barýar. Ine, indi bolsa, türkmen ýaşlary üçin ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna gatnaşmaga we öwrenmäge, dünýä çykmaga giň mümkinçilikler açylýar.

     Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda, Türkmenistan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze işlenip taýýarlanan meýilnamasy üstünlikli hereket edýär.

     Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirilmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde ähmiýetli işleri alyp barýar. Sanawyň esasy maksady, täsin maddy we maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärlikleri goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.

     ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyz boýunça 1999-njy ýylda Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheri, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklaryň sanawyna 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küştdepdi milli dessury, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen halyçylyk sungaty goşuldy. Mundan başga-da, «Türkmeniň keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» we «Molla Ependiniň şorta sözleriniň gürrüň berijilik däbi» ýaly milli gymmatlyklarymyz sanawda orun aldy.

     Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy. Umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy. Şundan ugur alsak, ÝUNESKO  bilen türkmen ýaşlarynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň badalga alandygyny görmek bolýar.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi bilen, dünýä çykmak we dünýä medeniýeti bilen tanyşmak mümkinçiliginiň döremegi biz – ýaşlarda uly buýsanç döredýär.

     2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wezipä girişmek dabarasynda ýaşlar syýasatyny ösdürmäge uly üns berjekdigini aýratyn belläp geçdi. Bu ugur döwletimiziň strategik ugry hökmünde barha ösdürilýär. Ine, bu günki gün belent maksatlaryň we wezipeleriň bosagadan ätlän taryhy ýylymyzyň adynda berkidilmegi onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrýar.

     Biz – ýaşlar üçin uly aladalary edýän, giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 

 

Ýakup ATABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Öňki makala

GUDRAT

Indiki makala

YNSANYŇ BAŞ BAÝLYGY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY