YNSANYŇ BAŞ BAÝLYGY

      Güýzki möwsümleýin ýokanç keselleriň biri-de ýiti wirus ýokanjydyr. Bu ýokanç näsag adamdan howa, damja we galtaşma ýoly arkaly töweregindäki sag adamyň bedenine düşüp, kesellemegine getirip bilýär. Ýiti wirus ýokanjy bilen islendik goranmadyk adam keselläp biler. Güýz we gyş aýlarynda sagdyn ýaşamak hem-de sowuklama keselleriniň öňüni almak maksady bilen immuniteti pugtalandyrmak zerurdyr. Adam bedenine ýokary dem alyş ýollary bilen geçen wiruslar sanalgyja wagtda dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna çuňňur ornaşyp, keseliň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarýar. Kesel aglaba halatda duýdansyz ýagdaýda başlanýar. Syrkaw birdenkä tapdan düşýär we gyzdyryp başlaýar. Şeýle-de bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Näsagyň kellesi, bogunlary agyryp, burny dykylyp, bokurdakda gyrylmak we agyry peýda bolýar. Şol bir wagtda näsagyň üşütmegi mümkin. Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almagyň iň ýönekeý we wajyp usullarynyň biri arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekden ybaratdyr. Ýagny her bir adam ýygy-ýygydan ellerini sabyn bilen ýuwmagy endik edinmelidir. Bu endige ene-atalar çagalara irki ýaşlyk döwründen öwretmelidir. Daş-töweregindäkilere keseli ýokdurmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin, näsag keseliň alamatlary ýüze çykanda, bada-bat maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Näsag öýde gözegçilikde saklanylmaly we onuň otagyny ýygy-ýygydan ýelejiredip, lukmançylyk agyz-burun örtügini peýdalanmaly. Tiz-tizden gyzgyn çaý we derman otlaryndan taýýarlanan melhem çaýlary içmeli.

 

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY