Ýaşlar — Watanymyzyň synmaz kuwwaty. Olar döwletimiziň ýagty geljegidir, gazanylýan ösüşlere itergi beriji güýçdür. Häzirki wagtda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, türkmen ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň hasda dabaralanýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleri ählitaraplaýyn bilimli, ylymly, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almagy, häzirki şertlerde ylmy tehniki öňe gidişlige çalt uýgunlaşmaklary üçin giň şertler döredilýär. Belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde bilim alýan ýaşlary okatmakda täze sapaklar girizilip, bilim edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bilim terbiýeçilik edaralaryna ýokary hilli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, yzygiderli onlaýn usulda sapaklar guralyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa ýaşlaryň akyl ukyplaryny netijeli peýdalanmaga, kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaşlaryň ylym-bilim ulgamynda kämilleşmegi bilen bagly işleriň ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýändigini subut edýär.
Güljeren HALYMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
turkmenportal.com