BILIMLI ÝAŞLARA BUÝSANÇ

       Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe örän jogapkärli çemeleşýän bilim işgärleriniň alyp barýan işlerini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda, häzirki wagtda dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär hem-de okuw kitaplary, gollanmalary taýýarlanylýar.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ,ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylymly-bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen dürli çäreler, okuw maslahatlary geçirilýär. Bu okuw maslahatlaryna ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplar gatnaşýarlar.

       Ýaşlarymyzy ylmy işlere çekmek bilen milli medeniýetimiziň ylmy esasda öwrenilişini, ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny içgin öwredýäris. Ýaş alymlary taýýarlamak sagdyn jemgyýeti döretmekde esasy ugur hasaplanýar. Şonuň bilen birlikde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini hem wagyz edýäris. Şeýle hem halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, ynsanperwerlik aly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil nesilleri terbiýelemekde geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti ýokarydyr. Şu nukdaýnazardan kitaphanalar, muzeýler, taryhy ýadygärlikler bilen baglanyşykly geçirilýän okuwlar, olaryň ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlar ýaşlarda saýlap alan hünärine uly höwes döredýär.

       Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda geçilýän okuwlar talyplarymyzda milli gymmatlyklarymyza, şöhratly taryhymyza buýsanjy kemala getirýär. Bularyň hemmesi watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

       Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek üçin tagalla edýän, ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Allamyrat BAÝRAMOW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

uly mugallymy.

 

«Mugallymlar» gazeti.

06.11.2023ý.

Meňzeş habarlar