Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna aýratyn üns berýär. Giň gözýetimli, bilimli we ynsanperwer ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir. şonuň üçin hem ýaşlara ýurdumyzda bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertler döredilýär. Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda hem uly tagallalar edilýär.
Dünýäde ylmy-tehniki ösüşleriň adamzada giňişleýin hyzmat edýän döwründe, şeýle hem ylmyň ynsan durmuşyna berk ornan döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryna, ýaş alymlaryna, talyplaryna uly ynam bildirilýär. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylýan netijeler, açyşlar bilen tanyşmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri internet ulgamyndan peýdalanýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işleri ýerine ýetirmäge girişýärler. Şonuň netijesinde hem türkmen ýaşlary ylmyň dürli pudaklary boýunça ylmy bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.
Ylym ýoly—kämilligiň ýoludyr.Ol mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň durmuşyna nur çaýýan ýoldur. Ata babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak dünýä garaýşyny, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän aýdyň ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimize çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ata-babalarymyzyň ylym-bilime goýan belent sarpasynyň, döwletlilik ýörelgesiniň, öwüt-ündewleriniň ruhunda bilim-terbiýe berlişi hasda kämilleşýär. Häzirki sanly ulgamyň durmuşymyza işjeň ornaşmagy bilen baglylykda, hünärine, ugruna garamazdan, ähli ýaşlar üçin ösen tehnologiýalardan baş çykarmak zerur bolup durýar.Şoňa görä, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde işiň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideo şekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň gözýetimini giňeltmäge, bilimlerini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ylmy ösüşlere giň ýol açmagy geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky beýik işlerdir. Şeýle beýik işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe, diňe öňe gitmegine badalga berýär.
Ilmyrat AŞYROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy
Mugallymlar gazeti 08.11.2023ý.