BILIM ULGAMYNYŇ ROWAÇLY MENZILLERI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Ýaşlygyň möwç urýan joşguny bolup gelen bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, geljegimiz bolan ýaş nesli sagdyn, ylymly-bilimli, aň-düşünjeli kemala getirmek babatda amala aşyrýan beýik işleri ähli halkymyzy guwandyrýar.

     Bilimler we talyp ýaşlar güni hemde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylmagy, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy aýratyn taryhy waka bolup kalbymyzda orun aldy.

      Bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem döwletimiz tarapyndan ýaşlara uly ynam bildirilýändigini, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini özboluşly şöhlelendirýär.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda beýan eden gymmatly pikirleri, çuňňur mazmunly öwüt-ündewleri we maslahatlary eziz Watanymyzy ýakyn geljekde has-da belent sepgitlere ýetirmekde we depginli ösdürmekde öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

     Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagyndaky çykyşynda biziň üçin mizemez mekdep bolup hyzmat edýän merdana pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen kemala gelen kämil ahlak gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň jöwher zehininden dörän paý-haslary, millilige ýugrulan wesýetleri, öwüt ündewleri ösüp gelýän ýaş nesil bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli görnüşlerinde pedagogik işgärler tarapyndan gymmatly hazyna hökmünde peýdalanylmalydyr. Şeýle parasatly sözler ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olarda watan söýüjiligi kemala getirmekde mukaddes ýörelgedir.

     Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna,olaryň döwrebap hünär öwrenmegine hem-de ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde asylly ýörelge, aýdyň ýol boldy.

     Ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olara hünärleri öwretmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Nurgeldi BUGRAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara

nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Meňzeş habarlar