PEDAGOGIKANYŇ TARYHY ÝÖRELGELERI

     Ýaş nesilleri terbiýelemek, hünär öwretmek we bilim bermek bu günki gün esasy orunda durýan wajyp wezipedir. Bu ugurda pedagogika ylmy öňe çykýar. Pedagogikanyň özi terbiýe bermegiň sungatydyr. Has takygy, terbiýe baradaky ylymdyr. 1904-nji ýylda saglygy goraýyş we fiziologiýa boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan dünýä belli alym, fiziolog akademik Iwan Petrowiç Pawlow terbiýe barada şeýle belleýär: “Terbiýe – munuň özi, taryhy nukdaýnazardan ýatlamalaryň halkyň hakydasynda jemlenýän ulgamydyr”.

     Gadymy we orta asyrlaryň teologiýasyny we filosofiýasyny ugur edinýän pedagogika XVII asyryň başlarynda filosofiýadan bölünip aýrylýar. Şol döwrüň iňlis filosoflarynyň we tebigat hadysalaryny derňeýjileriň tagallalary bilen, bu ylmyň has-da netijeli kämilleşen ulgamy kemala gelip başlaýar. Hususan-da, bu babatda iňlis filosofy, taryhçysy Frensis Bekonyň we çehiýaly pedagog-gumanist, ýazyjy Ýan Amos Komenskiýniň hyzmatlary has uludyr. Dürli döwürleriň ylmy traktatlarynda pedagogika dürli hili düşündirişler berilýär. Şolaryň birinde, pedagogikanyň ynsanyň maksatlaýyn we ulgamlaýyn alyp barýan zähmetiniň belli bir ulgama salnan şeklidigi beýan edilse, ýene birinde, dürli döwürlerde ynsanyýetiň zähmeti netijesinde toplanan tejribelerini herekete getirýän gural hökmünde garalýandygy nygtalýar. Sosial pedogogika boýunça 100-den gowrak işleriň awtory, pedagogiki ylymlaryň doktory, professor Lew Wladimirowiç Mardahaýewiň belleýşi ýaly, “Pedagogika – ynsana bilim we terbiýe bermegiň kanunalaýyklyklaryny, ýörelgelerini, usullaryny, görnüşlerini, şol nukdaýnazardan düýpli ylmy esaslary özünde jemleýän ylymdyr”.

     Milli pedogika ulgamy ýurdumyzda döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kämilleşdirilýär. Kämilligiň aýdyň ýolundan barýan bu ulgamda  ajaýyp özgertmeleriň ençemesi amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň 12 ýyllyk umumy orta bilime geçirilmegi bu ugurda anyk we netijeli ädimleriň biridir. Bu bolsa, ýaş nesilleriň dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagyny şertlendirýär. Munuň özi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermegiň kämil ulgamynyň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär.

     Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerinde aýratyn orunda durýar. Dünýä ölçeglerinde hünär alýan okuwçynyň netijeli bilim almagy hünär öwrediji mugallymyň kämilligi bilen şertlendirilýär. Mugallym mydama-da öz üstünde işläp, öz hünärini kämilleşdirmegi endik edinmelidir. Şeýle-de, ähli dersleriň çuň we many-mazmunly geçirilmegi üçin ylmy-amaly gözlegde bolmalydyr. Bu bolsa, okuwça bilim bermekde, hünär öwretmekde iňňän ýokary ähmiýete eýedir.

 

 

 

Kuwwat ESENOW,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň

5-nji orta mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY