BAGTYÝAR EÝÝAMA BUÝSANJYŇ BEÝANY

       Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary şanly Garaşsyzlyk, şöhratly Bitaraplyk döwri bilen baglanyşykly, çünki ýurdumyz ähli ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirýär. Başymyzyň täji Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzyň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljegiň buşlukçysydyr. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belende göterýär. Garaşsyz we baky Bitarap Diýarymyzyň her bir şanly senesi beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde ýene-de bir sepgitdir. Halkymyz özüniň beýik döwletiniň gadryny bilip, ajaýyp döwrüň hözirini görüp ýaşaýar.

       Hak nazary düşen eziz Diýarymyza bagtyň kuýaşy bolup dolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mähriban halkymyzyň kalbyna ylham-joşgun berdi, ömürlere nur çaýdy, köňüllere ýagşydan-ýagşy umyt-arzuwlary paýlady. Çar ýanymyzy bagtyýarlygyň, abadanlygyň, mähriň, şatlygyň mekanyna öwren, halky baradaky aladany  ähli zatdan ilerde goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz iline, eziz Watanyna bolan söýgi-yhlasynyň dowamat dowamlylygyny äleme ýaýdy. Ýaşaýşymyzy altyn sepgitler bilen bezäp, ruhumyza synmaz beýikligi beren şeýle ajaýyp döwrüň ýaşaýjysy bolup, ykbal paýymyza düşen bagtyýarlyk içre özümiz baradaky aladany duýup ýaşamagyň özi uly bagt.

       Gün-günden gülleýän Türkmenistan Watanymyz täzeden-täze ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz durmuşymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda, bilimde we ylymda kabul edilýän il-ýurt bähbitli kararlary, oňyn syýasaty bilen barha öňe saýlanýar. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze bilim ojaklarynyň yzygiderli ulanylmaga berilmegi, çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, oba-kentleriň abadanlaşdyrylmagy, umuman, ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bagty üçin edilýän ajaýyp işleriň her biri halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr.

       Biz ajaýyp hem bagtyýar döwürde, beýik döwletde, agzybir jemgyýetde ýaşaýarys. Bagtyýarlyga gurşalan döwletimizde biz – mugallymlar ýaşlaryň bilimli, sowatly, sagdyn pikirlenip bilýän, çuňňur aň-düşünjeli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamy uly mümkinçiliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna aýratyn üns bermegi we degişli resminamalary yzygiderli kabul etmegi bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilikler berýär. Taryhy ähmiýetli beýik işleriň hil taýdan täze, has belent hem tutumly tapgyryna ak pata berildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçmek baradaky çözgüt şol çäreleriň binýadynda goýlandyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze derejelere çykjakdygyndan habar berýär.

       Ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin giň mümkinçilikler barha artýar. Girizilýän täze hünärleriň we okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil üçin edilýän aladalaryň ösüşli ýola düşendiginiň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň şol ösüşleriň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini nazara alyp, olary taýýarlamaga ýardam edýän  okuw mekdepleriniň sanynyň artmagyna üns bermegi bizi has-da begendirýär. Doly kompýuterleşdirilen, multimediýa we interaktiw okuw serişdeleri bilen ýokary derejede üpjün edilen döwrebap ýokary we orta okuw mekdeplerinde okamak, bilim almak paýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlarynyň paýyna düşdi. Şunuň ýaly täzelikleriň ählisi biz – mugallymlary hem täzeçil işlemeklige ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller baradaky aladany hemme zatdan ileri tutup, olaryň bagtly geljegi üçin edýän taýsyz tagallalaryna rowaçlyklar ýar bolsun!

 

 

Abdymurat AHMEDOW,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY