Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljeginiň berk binýadyny ýaşlarda görýär. Olaryň dürli tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan baş alyp çykmagy üçin şertleri üpjün edýän ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär. Orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Sapaklarda öňdebaryjy tehnologiýalardan we kompýuter tilsimatlaryndan netijeli peýdalanylýar. Täzeçil usullar, sanly ulgam, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar döwlet ösüşiniň möhüm şertidir. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilimi röwşen geljegiň binýadydyr. Şeýle döwrebap şertlerde okap bilim almak, zähmet çekmek bilen biz – ýaşlar döwletimiziň binýatly geljegini ylmyň-bilimiň üsti bilen berk gurulýandygyny aýdyň görýäris.
Ýurdumyz bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Eziz Diýarymyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bilen, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenildi. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklykda, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň okuw işlerine giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň ýurduna öwrülýär. Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösüşleriniň berk binýady bolup hyzmat edýän milli bilim ulgamyny yzygiderlikli kämilleşdirmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň özeni bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Meniň baş maksadym dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny size elýeterli etmekden ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşýär, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we usulyýet binýady pugtalanýar, öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen baýlaşdyrylýar.
Biz — ýaşlar giň mümkinçilikleriň gurşawynda bagtyýar ýaşaýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni gurşawyna işjeň goşulyşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jebisleşip, Watanymyzyň kuwwatly ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okap, bilimimizi artdyryp, zähmet çekeris.
Ýaşlar üçin uly aladalary edýän, giň şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn! Goý, biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!
Gülşan BEKMURADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
2-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.