Perzendi akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar» diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň oňat bilim we terbiýe almagy, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmekleri ýaly möhüm wezipe biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýşi ýaly, döwletimizde adam hem-de onuň bagtly geljegini üpjün etjek ýaş nesil jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edilýär.
Türkmen halky maşgala binýadynyň berkidilmegine, çaga terbiýesiniň kämil bolmagyna uly ähmiýet berýär. Berkarar döwletimizde Milli Liderimiziň tagallasy bilen 8 çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Hormatly ada mynasyp bolan enelere kanunçylykda ençeme ýeňillikler göz öňünde tutulan. Bu bolsa ýurdumyzda maşgala binýadynyň berkemegine badalga bolup, köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda çagalygy, eneligi goramak, olara döwlet tarapyndan goldaw bermek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Döwlet kömek pullarynyň üç ýaşa çenli tölenilmegi, her ýylda olaryň möçberiniň köpeldilmegi ýurdumyzda köp çagaly maşgalalaryň sanynyň artmagyna itergi berýär.
Goý, maşgala gymmatlyklaryny sarpalap, türkmen jemgyýetiniň agzybir, abadan, jebis bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gunça JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby.