“NEBIT-GAZ — BAÝLYGYM, HAZYNA-GENJIM”

     Golaýda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebitgaz ylmyny we taslama-gözleg işlerini ýerine ýetirýän “Nebitgazylmytaslama” institutynyň durky täzelenen binanyň açylyş dabarasy boldy. Bu geçirilen şatlykly dabarada milli tanslar utgaşykly aýdym-sazlar bilen beýik işler wasp edildi, ähli göreldeli zähmet çekýän işgärleri oňat arzuwlar bilen gutlanyldy we ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň depginli ösüşini üpjün etmekde edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Binanyň durkuny täzelemek we daş-töweregini abadanlaşdyrmak işlerini ýerine ýetiren “Nebitgazçykaryş” trestiniň “Ýöritegurluşykgurnama” müdirliginiň gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Baýramgül ESENOWA,

TMÝG-niň “Türkmennebit” döwlet

konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY