MOLLANEPES – YŞK MÜLKÜNIŇ ŞASY

       Nusgawy şahyrlarymyzyň dünýä edebiýatynda mynasyp orny bar. Milli edebiýatyň halkara ähmiýetiniň artmagynda beýleki şahyrlarymyzyň hatarynda Mollanepesiň-de ägirt uly goşandy bar.

       Nepes üçin pars dili Nysrow Dehlewini, Rumyny, Hafyzy bilmek üçin açar bolýar. Ol Nowaýynyň, Fizulynyň, Saýadynyň şygryýetine uly hormat goýupdyr. Milli şygryýet bolsa, onuň halkylyk ölçegidir. «Yşk mülküniň şasy» belent söýgini özüniň nepis şygyrlarynda dabaralandyrypdyr we oňa uly hormat goýupdyr. Mollanepes ynsan söýgisiniň waspçysydyr. Şahyryň aşakdaky şygyrlary söýgi çemeninden bir parçadyr:

 

Dür derýadan çykabilmez,

Nazar kylsa dişleriňe.

Dowzah meni ýakabilmez,

Ýanyp men ataşlaryňa.

 

       Ýokardaky setirler «Dişleriňe» goşgusyndan alnan bir bentdir. Mollanepes bu goşgusynda ýönekeýje gyzyň dür dişlerini, şar gara saçlaryny monjuk kimin düzülen çemeninde wasp edipdir. Ol bu goşgusyny şeýle jemleýär:

 

Nepes diýer, çeker zaryň,

Mydama arzuw seň didaryň,

Jan pidasy, men seň ýaryň —

Ýüzüm sürtsem gaşlaryňa.

 

       Mollanepes diňe söýgi temasyndan däl, ahlak terbiýesinden hem eserler döredipdir. Şahyryň meşhur «Ner gezgin» goşgusy ynsanyň ähli ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Goşgy şahyryň özüne nesihat etmegi bilen başlanýar.

 

Köňlüm, saňa nesihat,

gezseň serbeser gezgin,

Tany dosty-duşmanyň,

öýňe bahabar gezgin.

 

       Mollanepes şygyrlarynda söýgi bilen ahlak temasyny utgaşdyrmagy başarypdyr.

 

 

 

Murad SABUROW,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň

8-nji orta mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY