DÜRDÄNE PAÝHASDAN DÖRÄN WATANÇYLYK MEKDEBI

     Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer“ atly kitabynyň biz üçin gymmatly gollanmadygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Bu kitapda bütin ömrüni nesil terbiýesine bagyş eden ajaýyp ynsan, mugallym we esger bolan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür ýoly örän çeper beýan edilýär. Ata kesbini dowam etdiren Berdimuhamet Annaýewiň kitaba bolan garaýşynda hem aklyňy haýrana goýýan täsinlikler näçe diýseň bar. Anna aga öz “Akyl sandyklaryny” körpe ogly Berdimuhamede miras goýup gidýär. Ýaşlykdan hat-sowadyň, kitabyň yşgyna düşen Berdimuhamet bu ruhy baýlyklar arkaly bilimler ummanynyň heniz açylmadyk syrlaryny açyp başlaýar.

     Milli Liderimiziň “Älem içre at gezer” atly romany halkymyza edep-terbiýäniň, maşgala mirasdarlygynyň nusga alarlyk mekdebi bolup, örän uly ähmiýete eýedir. Bu romany okap, ata-babalarymyzyň geçmişi barada durmuş hakykatlaryna göz ýetirmek bolýar. “Älem içre at gezer” romany ýurdumyzyň ähli bilim işgärleriniň ýankitabyna we olaryň bilim-terbiýeçilik işleriniň meselelerini çözmekde ulanýan iň ygtybarly gollanmasyna öwrüldi. Sebäbi romanda häzirki pedagogika ylmynyň esasy düşünjeleri, düzgünleri açylyp görkezilipdir. Onda terbiýe, onuň görnüşleri, usullary, serişdeleri, maksady, mazmuny hem-de pedagogika ylmynyň beýleki wajyp meseleleri öz beýanyny tapypdyr. Esasy bellemeli zat, ol hem pedagogika ylmynyň möhüm meseleleriniň Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk tejribesi bilen baglanyşdyrylýandygyndadyr. Bu bolsa, Milli Liderimiziň ajaýyp eseriniň gymmatyny, ähmiýetini has-da artdyrýar.

     Romanda açylyp görkezilýän derwaýys meseleleriň biri-de, ahlaklylyk we ahlak terbiýesiniň meseleleridir. Ahlaklylygyň we ahlak terbiýesiniň biri bolsa ynsanperwerlikdir. Bu roman arkaly öň bilmeýän köp zatlaryň üstüni açmak bolýar. Eseriň gymmatly taraplarynyň biri hem, şonda bolsa gerek. On bapdan ybarat bolan bu romanyň her babynyň ady aýratyn özüne çekijidir we çuňňur many-mazmuna eýedir. Häzirki döwrüň ýaşlaryny türkmen ruhuna kybap ahlakda terbiýelemekde, geçmişi hakyky manysynda öwretmekde, ruhubelent şahsyýeti kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romany möhüm gollanmadyr.

 

 

Abdymurat AHMEDOW,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY