Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy, ak mermer paýtagtymyz Aşgabat bolsa dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň merkezi hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň dostluk-doganlyk, birek-birege raýdaşlyk, oňyn hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Halkara ähmiýetli forumlaryň, sergileriň, maslahatlaryň we geňeşmeleriň merkezine öwrülen Türkmenistanda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ähli durmuşa geçirilýän çäreler häzirki döwrüň ösen ykdysady isleglerinden ugur alnyp, dünýä döwletleri üçin oňyn we netijeli hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikleri açýar. Hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerimiz häzirki wagtda parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe esaslanýar.
Döwletimiz dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň arasynda dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Döwletimiziň daşary syýasaty dünýäniň möhüm sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada howpsuzlygyň, abadançylygyň, durnuklylygyň berkemegine ýardam berýär.
Üstünlikleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar şu güni hem-de geljegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!
Abdymurat AHMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.