SPORT ÝARYŞLARY GÖNI ÝAÝLYMDA

       Sport  ýaryşlaryny göni ýaýlyma goýbermek, her bir minudy «on-line» görnüşinde dünýä jemgyýetçiligine ýaýratmak sport teleýaýlymlarynyň esasy wezipesidir. 2017-nji ýylda Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähli ýaryşlary ýurdumyzyň sport teleýaýlymynda ilkinji gezek göni ýaýlyma goýberildi.

       “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymy sport söýüjileriň iň köp görýän teleýaýlymlarynyň biri bolsa gerek. Şu jähetden, teleýaýlymda öňdebaryjy tilsimatlara erk edip bilýän we her bir işe döredijilikli çemeleşmegi başarýan ussat hünärmenler netijeli işleri alyp barýarlar. Teleýaýlymda dünýä tejribelerini ugur edinýän iş mümkinçilikleri doly durmuşa geçirilýär. Halkara derejeli sport guramalary, dünýäniň abraýly sport teleýaýlymlary bilen oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

       “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymy Dünýä Olimpiadalaryny, Uniwersiadalary ýokary derejeli reňkli formatda, türkmen dilinde gyzgyny bilen sport muşdaklaryna göni ýaýlymda ýetirýär. Ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlary hem göni ýaýlyma goýberilýär. Ýaýlym arkaly diňe bir ýaryşlary däl, eýsem, söýgüli sport ýyldyzlarynyň zähmet ýolunyň üstünlikli pursatlary bilen ýakyndan tanşyp bolýar. Sport ýaryşlary, çempionatlar, sportuň ähmiýetine bagyşlanan köpöwüşgünli, ýokary many-mazmunly reportažlar, özara pikir alyşmak häsiýetli söhbetdeşlikler, daşary döwletleriň sport durmuşyndan habar berýän gepleşikler gyzgyny bilen tomaşaçylara ýetirilýär. Gündelik ýaýlyma goýberilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk ýoly”, “Türkmen türgenleriniň üstünligi”, “Häzirkizaman sport dünýäsi”, “Ýeňişli ýollarda” gepleşikleri tomaşaçylaryň ünsüni has-da özüne çekýär.

 

 

Murad SABUROW,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň

8-nji orta mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Iýun 2025 | 0 okalan

BAGTDAN PAÝLY NESIL BIZ

12 Iýun 2025 | 80 okalan

GARAŇKYNY AÝ ÝEŇER, ÝADAWLYGY ÇAÝ