“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” býujet serişdelerine gözegçilik etmek, baha bermek we audit ulgamlarynyň işlerini kämilleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenen.
2014-nji ýylda kabul edilen “Auditorçylyk işi hakynda” ýurdumyzda auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de auditorçylyk işi amala aşyrylanda ýüze çykýan, gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Agzalan Kanun umumy düzgünler, auditorçylyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi, auditorçylyk işiniň esasy ýörelgeleriniň düzgünleri, auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagy, auditorçylyk edarasy, jemleýji düzgünleri özünde jemleýän VI bapdan we 32 maddadan ybaratdyr.
Kanunda beýan edilişi ýaly, audit – maliýe hasabatlylygynda bar bolan maglumatlaryň ygtybarlylygynyň we dolulygynyň derejesini hem-de onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigini kesgitlemek, garaşsyz pikiri beýan etmek maksady bilen, auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan ykdysadyýetiň subýektiniň maliýe-hojalyk işine geçirilýän barlagdyr.
Auditor auditoryň hakyky hünär derejeli şahadatnamasy, auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan we Türkmenistanyň auditorlarynyň döwlet sanawynda bellige alnan fiziki şahsdyr.
Auditorçylyk guramasy auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin döredilen, auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan we Türkmenistanyň auditorçylyk guramalarynyň döwlet sanawynda bellige alnan telekeçi ýuridik şahsdyr. Auditi amala aşyrmak we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmek auditorçylyk işi hasaplanylýar.
Hünär synagy Topar tarapynda tassyklanylýan auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin hünär synagyny geçirmegiň tertibiniň düzgünnamasyna laýyklykda geçirilýär. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy ykdysady, maliýe, gözegçilik-derňew ýa-da hukuk çygrynda, maliýe-ykdysady ýa-da hukuk dersleri boýunça ylmy-mugallymçylyk çygrynda iş tejribesi bäş ýyldan az bolmadyk hünärmenlere gowşurylýar. Topar öz işini ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar we oňa tabyndyr.
Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy fiziki şahsyň auditor hökmünde hünär taýdan ukyplylygyny tassyklaýan resminama bolup durýar. Auditorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy we oňa salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Auditor auditorçylyk guramasynyň wezipe birliginiň işgäri (auditory) hökmünde ýa-da auditorçylyk guramasy bilen baglaşylan raýat-hukuk häsiýetli şertnamanyň esasynda auditiň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmäge, özbaşdak auditi amala aşyrmaga hukuklydyr.
Auditoryň şahsy möhüri bolýar, ony taýýarlamak hukugy auditorçylyk işini amala aşyrmaga ygtyýarnama alnan senesinden ýüze çykýar. Şahsy möhüriniň talabalaýyk peýdalanylmandygy we saklanylmandygy üçin auditor Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär. Auditorçylyk guramasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, şu guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner: hususy kärhana, hojalyk jemgyýeti (şereketi), bilelikdäki kärhana, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
Kanunyň 14-nji maddasynda auditiň görnüşleri kesgitlenen. Audit hökmany we başlangyçly bolup biler. Hökmany audit her ýylda diňe auditorçylyk guramalary tarapyndan geçirilýär. Şeýle hem hökmany auditiň buýrujysy bolup audit geçirilýän subýekt çykyş edýär.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşymyzy pugtalandyryp, işlemäge, döretmäge giň ýollary açýan türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilmegi üçin döwrebap şertleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.
Rahman HOJAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň
kazyýetiniň başlygynyň orunbasary.
2023-nji ýylyň 3-nji noýabry, anna.
“Adalat” gazeti