Türkmeniň ak bugdaýynyň, çöreginiň aýratyn datly bolmagy biziň howa şertlerimizde bugdaý dänesinde adama has ýokumly bolan iýmit maddalaryň doly bahaly beloklaryň we aminokislotalaryň toplanmagydyr. Mundan başga-da, türkmenler uzak ýola düşenlerinde, ýoldaşlyk üçin tamdyrdan lowurdap çykan mele-myssyk çöregi ýanlaryndan goýmandyrlar. Abadançylygyň we bolelinligiň, bagtyň we rowaçlygyň goşalanyp gitmeginiň nyşany höküminde toýlara-da jübüt çörek alynyp gidilýär. Çörek gadymy hem myhmansöýer halkymyzyň kalby ýaly sahy, toý saçaklarymyzyň bezegi bolup durýar. Ene toprak özüne yhlas edeniň azabyny hiç haçan boş goýmaýar, rysgalyny kem etmeýär, baýlygyň, mal-mülküň eýesi edýär. Şeýle hem, türkmen çöregiň üstünden ätlemek, basmak, çöwre dolamak, çöregi pyçak bilen kesmek, iki çetinden döwüp almak, oklamak, zyňmak, syňragyň bilen tutmak, bir eliň bilen döwmek, saçakda düňderip goýmak, tamdyry, ojagy ýykmak uly we külli günä, biedeplik hasaplanýar. Däne bugdaýa, duz-çörege, tamdyra, ojaga togap etmek halkymyzyň iň bir mukaddes dessury. Azyklyk ekinleriň içindebugdaý möhüm orun eýeleýär, sebäbi onuň dänesindäki ýaşaýyş üçin zerur bolan ýokumly maddalar adamyň iýmite bolan talabynyň 70 göterime çenlisini doly üpjün edip bilýär. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz bugdaýa «uly iliň soltany» diýip at beripdir.
Şirinjemal AMANOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.