Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Dana bilim merkeziniň we Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň düzgünnamasy esasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty, ylmy, bilimi ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlarymyzy watansöýüji edip terbiýelemek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny gazanmak, amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagyny maksat edinip şäheriň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 8-9-njy synplarynyň arasynda «Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk» atly şygar bilen futbol ýaryşy geçirildi. Futbol ýaryşynyň dowamynda orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen toparlar öz aralarynda ýaryşdylar we ýaryşda ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Dana bilim merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.
Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.