ÝAŞ SURATKEŞLERIŇ “ÝURT ABADAN — IL BAGTYÝAR” BÄSLEŞIK SERGISI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlar syýasaty ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine laýyklykda hem-de häzirki zaman talaplaryna mynasyp derejede alnyp barylýar. Bu döwlet syýasatynyň esasy ugry hem ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişdirmekleri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirip, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryny artdyrmak maksady bilen 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdeplerinde we Çagalar sungat mekdeplerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk, galam bilen surat çekmek hem-de heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça «Ýurt abadan — il bagtyýar» şygary bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi.

     Reňk bilen surat çekmek ugry boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ogulşat Hanowa, Aşgabat şäheriniň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Bagtynyýaz Ýollyýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Madina Kalandarowa dagylar birinji orna mynasyp boldular.

     Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, galam bilen surat çekmek ugry boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Selbi Seýitkulyýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýgül Begençmyradowa, Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gülnar Baýramgeldiýewa birinji orna mynasyp boldular.

     Heýkeltaraşlyk ugry boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Akmuhammet Annaýew, Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Orazgeldi Ataýew,  Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýunus Çaryýew birinji orna mynasyp boldular.

     Bu bäsleşige gatnaşan ýaş suratkeşleri özleriniň zehinini, başarnyklaryny görkezip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Oguljahan MUHAMMETMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Sungaty öwreniş kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI