ÝAŞLAR SYÝASATY DABARALANÝAR

     Ýaşlar döwrümiziň belent sepgitlerine we üstünliklerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň diňe bir okuw pursatlary däl, ömür pursatlary many-mazmuna, ajaýyplyga beslenýär. Olar boş wagtlaryny kitaphanalarda, muzeýlerde, teatrlarda, sport toplumlarda geçirýärler. Munuň üçin bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz bimöçber aladalar edip, zerur bolup durýan ähli mümkinçilikleri döredýär. Kitaphana hyzmatlarynyň döwrebaplaşmagy, ýokary hilli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, saglygy berkitmekde sport toplumlarynyň amatlylygy, teatrlarda döwrümiziň waspyny belende ýetirýän we ýaşlarda döwür buýsanjyny oýarýan sahna oýunlarynyň yzygiderli goýulmagy – bularyň ählisi ýaşlar dogrusynda edilýän aladalardan nyşandyr.

     Bilim-terbiýeli, watansöýüji ýaşlar Watanymyzyň geljegidir. Döwrüň ýaşlaryň öňünde goýýan wezipesi olaryň mynasyp käri saýlap, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup, döwür bilen aýakdaş gitmeklerinden ybaratdyr.

     Ýokary hünärli ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekmek bilen, özleriniň hünär başarnyklaryny we gujur-gaýratlaryny ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösmegine gönükdirýärler. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binägärlik taslamalaryna, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşyp, zehinlerini görkezmek mümkinçiligi döredildi. Bu bolsa, türkmen ýaşlarynyň buýsanjyny goşalandyryp, olary ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hem-de bildirilen mukaddes we belent ynamy ödemäge borçlandyrýar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, halypa-şägirt gatnaşyklary ösdürilýär, türkmen ýaşlarynyň geljegine uly umyt baglanylýar. Biz ýaşlar hormatly Prezidentimiziň özümize bildirýän belent hem-de mukaddes ynamyna okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, döretmek bilen jogap berýäris.

     Ýaşlaryň şu günki bagtyýar durmuşy ertekilerdäki durmuş hakykatyny ýatladýar. Şeýle hakykaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň hoşallyklary çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Mähri ESENOWA,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň

jemagat hojalygy müdirliginiň buhgalteri,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI