MAHMAL OWAZLY AÝDYMÇY

     Hoşgeldi Hudaýkulyýew özüniň owadan aýdymlary bilen sungaty öz ýürekdeşine öwren, mahmal owazyna uly-kiçini maýyl eden aýdymçylaryň biridir. Aýdymçy barada gyzyklananymyzda, onuň 1989-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Türkmen ýoly geňeşliginde doglandygy we şol etrabyň 64-nji orta mekdebinde okandygy, 2013 – 2017-nji ýyllar aralygynda onuň aýdym-saza bolan höwesi Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty bölüme eltendigi, soňra-da, 2022-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wokal bölümine okuwa kabul edilendigi baradaky maglumatlara gabat geldik. Hoşgeldi bilen has-da içgin tanyşmagy maksat edinip onuň bilen söhbetdeş bolduk we gyzyklanýan soraglarymyzy berdik.

     - Maşgalaňyzyň yzyny dowam edýärsiňizmi ýa-da aýdymçy bolmak arzuwy bilen şu derejä ýetdiňizmi?

     - Maşgalamyzda aýdym-saza ýykgyn edýän ýok. Özüm kiçilikden bagşy bolmagy arzuw edýärdim.

     - Aýdymçy hökmünde adamlaryň söýgüsini gazanmak üçin ilki näme etmeli?

     - Aýdymçy men diýip ýola çykdyňmy, halkyň aňynda “şol aýdymçy aýtsa, toý dabaranyň şowhuny has-da artýar” diýen jümleleri eşitmek, şeýle-de köpçüligiň söýgüsini gazanmak üçin meniň pikirimçe, “özüň aýdyma öwrülmegi” başarmaly. Ýagny, diýjek bolýan zadym Leonardo da Winçiniň belleýşi ýaly: “Ruhuň bilen hereketiň birlikde hereket etmedik ýerinde sungat ýokdur”.

     - Aýdym aýdýarkaňyz, kimden ýa-da nämeden ylham alýarsyňyz?

Her bir aýdymçy öz ýoluny döredip, şonuň bilen ile tanalýar. Şonuň esasynda-da, halkyň aýdymça bolan gyzgyn el-çarpyşmasy we öwgüli sözleri meni aýdym aýtmaga has-da höweslendirýär. Agzybir maşgalamda 3 oglum bar. Uluja oglumyň häzirki wagtdan aýdym-saza ýykgyn etmegi hem meniň sungata has-da yhlasly ýapyşmagyma getirýär.

     - Daşary ýurt aýdymçylardan ylhamlanýan ýyldyzyňyz barmy?

     - Hawa. Ibragim Tatlises. Meşhur ýyldyzyň aýdym aýdyş ýoly, heňi maňa has ýakyn.

     - Halypaňyz barada hem gürrüň beräýiň!

     - Halypam Meýlis Öwezow. Meni toý-dabaralara, sahna ugrukdyryp, kämil bolmagymda uly tagallalary bar.

     - Boş wagtlaryňyz näme bilen meşgullanýarsyňyz?

     - Okuwdan boş wagt tapdygym, köp wagtymy studiýada geçirýärin. Mundan başga-da, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, dostlarym bilen futbol oýnaýaryn.

     - Hoşgeldi, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredijilik äleminde, sungat ýolunda üstünlikli menzillere ýetmekde hususan-da, ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär.

     - Bagtyýar zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, sungatda kämilleşip, ýokary derejelere ýetmegimiz üçin ähli şertler bar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymy aýdýaryn.

     - Sungatyň, aýdym-sazyň sarpalanýan ajaýyp döwründe mundan beýläk-de mahmal owazyňyz belentden-belent ýaňlansyn! Ýatdan çykmajak täsirli gürrüňleriňiz üçin hem köp sagboluň!

     - Sagboluň!

 

Söhbetdeş bolan: Aýgözel ATAJANOWA,

žurnalist.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI