DAÝHANDAN HEREKET — ÝERDEN BEREKET

     Şu gün Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda «Daýhandan hereket — ýerden bereket» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

     Onda çykyş edenler eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň strategiki pudagy bolan oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde we düýpli özgertmekde alnyp barylýan işler, oba zähmetkeşleriniň – ýokary hasyl ussatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda edilýän yzygiderli aladalar dogrusynda buýsançly gürrüňler berdiler. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde bu günki gün ak bazarlarymyzyň dürli naz-nygmatdan dolup durandygy bellenildi.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar röwşen geljege tarap ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, röwşen ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

Meýlis GURDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş  bölüminiň 

esasy hünärmeni.

Öňki makala

MAHMAL OWAZLY AÝDYMÇY

Indiki makala

ÝÜREKLERIŇ SENASY

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI