16-njy dekabrda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli Liderimiz: «Ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy olaryň arasynda wagyz etmek işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydyr» diýip, ýaşlar bilen geçirilýän terbiýeçilik mazmunly işleriň işjeňleşdirilmegini güýçlendirmegi wezipe edip goýdy. Munuň özi geljekde hem hukuk we ahlak taýdan kämil ýaşlaryň kemala getirilmegini şertlendirer.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwür tutuş dünýäniň bitewüleşýän, globallaşýan zamanydyr. Şeýle ýagdaýda öz halkymyza mahsus binýatlyk medeni, ahlak, ruhy ýörelgelerimizi eşrepi ýaly gorap saklamak, olary diňe bir gymmatlyk hökmünde aýamak bilen çäklenmän, öz durmuşymyzda halallyk gönezligi edinmek nesilleriň jana-jan borjy bolup durýar. Hut şu sebäpler bilen döwlet Baştutanymyz türkmen ýaşlaryny ilhalar adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde millilik ýörelgelerini görelde, nusga edinmegi, her bir işde päk ahlaklylygyň hem-de halallygyň ýolumyzda şamçyrag bolmagyny ündeýär. Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn alada etmegi netijesinde biziň ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatynda ähli şertler, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimlerini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ösüş mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň çarşenbe güni geçirilen iş maslahatynda ýaşlaryň watançylyk, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, parasatly halk däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtamagynda uly many bar.
Arkadag Prezidentimiziň tagallasy netijesinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir ynsanyň içki dünýäsini gözelleşdirýän we mertebesini beýgeldýän ruhy gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz dikeldilýär. Merdana pederlerimiziň adamzat hakydasynda müdimilik orun alan ajaýyp öwüt-ündewleri ahlak kämilliginiň ýolunda ýaşlar üçin uly mekdepdir.
Şeýle-de ahlak terbiýesiniň halkyň genafonduny arassa saklamakda uly ähmiýetini nazara alyp, türkmeni millet hökmünde beýiklige galdyrýan bu gymmatlygy özgerip duran häzirki zaman dünýäsinde aýratyn alada bilen gurşamak hem esasy zerurlyklaryň biridir. Şu jähtden hem biz alyp barýan, okuw-terbiýeçilik, ylmy tehniki-önümçilik işlerimiz bilen utgaşykly ýaşlary milli ahlak kadalary we döwrebaplaşmagyň milli ýörelgeleri arkaly terbiýelemäge çalyşýarys.
Geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň: «Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýän nusgawy we terbiýeçilik mekdebi bar. Häzirki ajaýyp zamanamyzda biz terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil, milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini utgaşykly ulanmak bilen ýaşlaryň bilimli, ylymly, parahatçylyga, agzybirlige, dost-doganlyga uly hormat goýýan adamlar bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär» diýen sözlerinden ugur alyp kämil ýaşlaryň ýetişdirilmegi üçin alyp barýan bilim-terbiýeçilik işlerimizi güýçlendireris.
Goý, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine göterip türkmen ýaşlarynyň ykbalyny galkyndyrýan, merdana milletimiziň asylly nesillerini kemala getirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Liderimiziň jany sag, başy belent, beýik işleri baky rowaç bolsun!
Serdar BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.