TÜRKMENISTAN ÖSÜŞIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE TARAP YNAMLY ÖŇE BARÝAR

      Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkidilýändiginiň, ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» şygary astynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasata ygrarlydygynyň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda jogapkärli, işjeň we başlangyçly orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn sebit we ählumumy başlangyçlara doly derejeli goşulyşmak maksady bilen, özara gatnaşyklaryň iň möhüm görnüşlerini kesgitlemäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de gurallaryny işläp düzmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge mynasyp goşant goşýar.

      30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belläp, oba hojalygy bilen baglanyşykly ähli çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, täze durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

      1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

      2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi. Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

      “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin “NFC” we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenen “Sanly kart” programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Diýarymyzyň zähmetsöýer ekerançylarynyň geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz tohumçylyk işini ylmy esasda mundan beýläk-de ulgamlaýyn kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek halkara derejeli möhüm çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

      Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli türkmenistanlylary ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu çözgüt 31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) merkezi edarasynda kabul edildi. Ýokarda agzalan hukuk derejesi paýtagtymyza häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi üçin berildi.

      3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge, soňra bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde kuwwaty 70 megawat sagada deň bolan gaz turbina desgalarynyň işe girizilmegine ak pata berdi.

      Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz turbinalaryny gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek taslamasyna halkara güwänamalary — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň, Duisburg-Essen döwlet uniwersitetiniň, Magdeburg şäheriniň Otto Won Gueriсke adyndaky uniwersitetiniň, degişlilikde, Hil şahadatnamasy, Iň ýokary inženerçilik taslamasy baradaky şahadatnamasy, Ekologik taýdan arassalygy we durnukly taslamadygy baradaky şahadatnamasy gowşuryldy. Soňra dabaralar Guwlymaýak şäherçesinde dowam etdi. Bu ýerde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen iri ýaşaýyş jaý we binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň awgust aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýy, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy we söwda-dynç alyş merkezi gurlar.

      Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly gaz we bug dolanyşygynda işlejek täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasy hem boldy. Bu ýerde ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz, 2 sany hem bug turbinasy oturdylar. Täze energiýa öndüriji desgada ökde hünärli işgärleriň 150-den gowragy zähmet çeker.

      Döwlet Baştutanymyz geçirilen giň gerimli çäreleriň dowamynda her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibi makullady.

      4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.

      Ekologik çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bu asylly işi goldadylar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 472 müňden gowrak düýbi ekildi, ozal oturdylan, häzirki wagtda bolsa ösüp boý alýan 2 milliona golaý düýp baga ideg edildi.

      Bag nahallaryny oturtmak çäresiniň nobatdaky tapgyry başlanmazdan ozal, döwlet Baştutanymyz 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana baryp, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bu desganyň gurluşygy tamamlandy. Hut şu künjekde taryhyň dowamynda dünýä meşhur bolan, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ösdürilip ýetişdirilipdir. Häzirki döwürde bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny, atşynaslar üçin ähli amatlyklary bolan Aba Annaýew adyndaky häzirki zaman obasyny we döwrebap innowasion taslama bolan Arkadag şäherini öz içine alýan dünýä nusgalyk gurşaw emele geldi.

      Döwlet Baştutanymyz atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmelidigine we ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şeýle hem täze athana toplumynyň açylyş dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanyp guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

      Hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilendigini bellemek gerek. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryny, şol sanda serhetleriň howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ulag ulgamy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

      Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

      “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alty ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi. Çykyşlarda altytaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna seljerme berildi, bu ýurtlaryň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine çemeleşmeleridir garaýyşlary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi kemala getirmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylda utgaşykly özara gatnaşyklaryň esasy mowzugy hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Bilim, ylym, medeniýet, sport ulgamy şol strategiýanyň esasy düzüm bölekleri hökmünde görkezildi we birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

      Forumyň jemleri boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy.

      Forumyň çäklerinde “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, dürli ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde “Berkarar” işewürlik merkezinde “Daewoo Engineering & Construction Co.Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

      31-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde milli demokratiýany we ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ösdürmek, hukuk medeniýetini hem-de ylmy kämilleşdirmek, bilim we sport ulgamlaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns çekildi.

      1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyza “Saglyk” seýilgähiniň şekil taslamasy, Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasynyň, muzeý binasynyň, saglyk öýüniň, awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, demir ýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, “Arkadag” futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulyp gurulmalydygyny, şäheriň ekologik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylmalydyr.

      Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy “Edison Teсhnologies”, “Teamtechniсk”, “Reifenhäuser” kompaniýalarynyň ýurdumyzda saparda bolýan wekilleri bilen duşuşdy. Işewürler Arkadag şäherinde lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar, şeýle hem degişli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada aýtdylar.

      3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Taraplar özara bähbitli türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny we Türki Döwletleriň Guramasynyň giňişliginde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn üns çekildi.

      Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde eden çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmegi, Türkmenistanyň logistik mümkinçiliklerini ulanmagy, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” taýýarlamagy teklip etdi we medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

      Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Aşgabat şäherinde Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylandygyny bellemek gerek. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilen giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

      Özbegistan Respublikasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri biziň halklarymyzyň köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Giň gerimli medeni çäräniň dowamynda sungat ussatlarynyň konserti boldy, türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi, iki ýurduň sazçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy guraldy, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna, senetçiligine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.

      Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş dabarasy çäräniň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu ýerde haly we haly önümleri, haly dokalanda ulanylýan gurallaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.

Geçen hepdede milli manadyň dolanyşyga girizilmegine 30 ýyl doldy. Bu mynasybetli Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

      Geçen hepdäniň wakalary şulardan ybarat bolup, olar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň okgunly ösýändiginiň, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen iri maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

 (TDH)