DÖWLETLI TUTUMLARA BUÝSANÇ

     Ýurdumyzda bolýan guwandyryjy habarlar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň abadançylygynyň, parahatçylygynyň hatyrasyna gönükdirilen. Munuň şeýledigini biz her ädimde, her pursatda duýýarys. Noýabr aýynyň 3-ne hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüni tutmagy hem-de ulanmaga bermegi, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanşykda işlejek elektrik stansiýanyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň düýbüni tutmagy, şeýle hem Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmagy ähli türkmen halky bilen bir hatarda biz balkanly ýaşlary aýratyn begendirdi. Çünki bu wakalar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösüşini üpjün etmäge, ekspert mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu işde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy, Watanymyzyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegi esasy ugurlar hökmünde çykyş edýär. Şunda halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman inženerçilik-tehniki infrastrukturanyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap elektrik üpjünçilik ulgamlary munuň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar. Ýaşlar üçin täze iş mümkinçilikleriň, iş orunlaryň dörediljekdigi mese-mälimdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak hem-de ösdürmek babatdaky giň möçberli tutumlary arkaly tutuş dünýäde meşhurlygy barha artýan ata Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler ilkinji nobatda, ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Bagtyýarlyk döwrümizde akylly-başly, döwrüň ähli ösüşlerinden baş çykaryp bilýän, ylymly-bilimli, hünärli, ugurtapyjy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.

     Döredijilikli zähmet çekýän ýaşlar Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Milletiň baş Mugallymyndan nusgalyk görelde alyp, ata Watanymyzy dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak arzuwyny kalbynda besleýän ýaş türkmenistanlylaryň geljekde-de bu işi üstünlikli dowam etjekdikleri ikuçsyzdyr. Sebäbi ylymdan ýüki ýetik, berk bedenli, gözleri milletimize we Watanymyza bolan hyjuwdan pürepür ýaşlary göreniňde, ertirimiziň ynamly ellerdedigine berk ynanýarsyň.

     Bizem öz gezegimizde şeýle bagtly, bagtyýar günlerde döwletli Diýarda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Sapaýewa ANANÝAZ,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY