MAGTYMGULY PYRAGY — RUHY DÜNÝÄŇ ÇYRAGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli mirasymyzy öwrenmek, sungatda we döredijilikde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi wagyz etmek barada uly işler durmuşa geçirilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işlerem munuň aýdyň subutnamasydyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň Karary esasynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmeklige häzirki günlerden taýýarlyk görülýär. Şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän işler giň gerim alýar.

     Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy diňe bir nusgawy edebiýatymyzda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem öçmejek yz goýan şahyrdyr. Eserleri umumadamzadyň genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyryň döredijiligini hemmeler uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Çünki akyldaryň dostlugyň, parahatçylygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlanýan, ynsanperwerlige ýugrulan şygyrlary many-mazmuny, ähmiýeti bilen ýüreklerde ýer alýar.

     Dostluk, agzybirlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary barada pikirler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly milli edebiýatymyzyň ynsanperwerlik, watansöýüjilik, parahatçylyk, agzybirlik, dostluk ýaly düşünjeleriniň mazmuny has-da baýlaşdyran hem-de halkymyzyň abraý-mertebesini belent derejelere göteren beýik akyldardyr» diýen sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şahyr öz şygyrlary bilen birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur almak baradaky garaýyşlary öňe sürýär we onuň goşgularynda bu baradaky çagyryş belentden ýaňlanýar.

     Pyragynyň paýhas ummanynyň ini-boýy, çuňlugy ölçege sygmaýar. Ol-Hakdan içen şahyr. Şonuň üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyraga örän uly sarpa goýulýandygy biziň başymyzy göge ýetirýär.

     Goý, aslyna, nesline, halkyna, milli mirasyna sarpa goýýan Mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

 

Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň “Türkmennebit” Döwlet konserniniň

şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY