KUWWATLY BOEING BARADA

        1903-nji ýyl ABŞ-da dünýä awiasiýasynyň taryhynda ilkinji uçuş ýerine ýetirilýär. Bu uçuşy doganlar Raýtlar amala aşyrýar. Şol döwürler dünýä awiasiýasynyň taryhyna ýazylan başga bir ussat inženeriň, ýagny Wilýam Boingiň şöhratly ýolunyň ilkinji ädimleri başlanypdy. Telekeçiligi saýlap alan ýaşajyk zehinli uçarman, inžener Wilýam ullakan bir uniwersitetdäki okuwyny terk edip, täze durmuş ýoluna – awiasiýa ulgamynda ägirt uly açyşy bolan uçarlary döretmäge ymykly girişip başlapdy. Birbada kynçylyk döredenem bolsa, ol munuň hötdesinden gelmegi başardy. 1915-nji ýylda ahyrsoňy ol iki adamlyk uçarda ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Şondan soň ol Los-Anželese uçarmanlyk mekdebini okamaga gidip, okuwyny üstünlikli tamamlap, hususy gidroplanly dolanyp geldi. Ilkibaşda, tölegli howa uçuşlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän Pacific Aero Club merkezini döreden bolsa, soňra ol öz uçarynyň gurluşygyny başlamagy ýüregine düwdi.

        1916-njy ýylyň 15-nji iýulynda Wilýam Boing ilkinji gezek öz uçarynda asmana galýar. Bu täzelikden soň ol “Pacific Aero Products Co” atly korporasiýany döredýär. Korporasiýa açylan badyna, ABŞ-nyň harby-deňiz floty üçin gidroplanlary gurnaýar, soňra bolsa uçarlary öndürmäge girişýär. Bu kompaniýa üçin jenap Boing şol döwürde ummasyz pul hasaplanýan 100 müň dollar maýa goýýar. Önümçiligini diwersifikasiýalaşdyryp, Boeing Airplane poçta gatnawlaryny eýeleýär. 1927-nji ýylda bolsa, “Boeing” ilkinji awiapoçtalýona öwrülýär. Poçta we beýleki gatnawlary amala aşyrmak üçin Boeing Air Transport bölümçesi döredilýär. 1934-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresiniň çykaran täze kanuny sebäpli, holding “United Air Lines (awiagatnawlar)”, “United Aircraft”, “Boeing Aircraft Company (uçar gurluşygy)” ýaly kompaniýalara bölünýär. Şondan soňra Boeing 1935-nji ýylda 10 müň sany Kaydet harby uçaryny öndürýär. 1944-nji ýylda kompaniýa önümçilik kuwwatyny häzirki wagta çenli gaýtalanmadyk derejä – günde 16 uçara çenli ýetiripdir.

        1967-nji ýylda ilkinji “Boeing-737” laýner howa galýar. Bir ýyldan soň “Boeing 747” ulanylyşa girizilýär. Energetiki çökgünlik döwründe, kompaniýa önümçiligini azaltmaga mejbur bolanam bolsa, Tornton Wilsonyň baş direktor bolan döwründe kompaniýa ýene-de ozalky bady bilen ösüp başlaýar. Ýakyn wagtyň içinde Boeing harby we ýolagçy uçarlarynyň iň uly öndürijisi, ABŞ-da eksportynyň göwrümi boýunça birinji ýerde durýan, ägirt uly ýyllyk satuwly kompaniýa hökmünde tanalyp başlanýar. 1997-nji ýylda özüniň ýeke-täk bäsdeşi bolan “McDonnell Douglas” kompaniýasyny hem satyn almagy başarýar. Asyrlaryň sepgidinde, Boeing taryhda ilkinji gezek “Airbus” konsernine ýolagçy uçarlaryny öndürmekde birinjiligi bermäge mejbur bolýar. Soňraky ýyllarda bu meşhur kompaniýa yzly-yzyna “Boeing-747”, “Boeing-757”, “Boeing-767” we “Boeing-777” ýaly dünýä awiasiýasynyň esasy düzümini düzýän uçarlary ulanylyşa goýberýär.

        Şöhratyny birjikde peseltmeýän “Boeing” kompaniýasy henizem kuwwatly uçarlary öndürmekde öňdebaryjylygy saklap gelýär.

 

 

 

Taýýarlan: Murad SABUROW,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň

8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY