ÝAŞLAR FORUMYNA GATNAŞYJYLAR PAÝTAGTYMYZA GELDILER

2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 14-ine agşam Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumyna gatnaşýan Tajigistan Respublikasynyň wekilleri Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline geldiler. Myhmanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärleri tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Sport” myhmanhanasyna ýerleşen myhmanlar halkymyzyň myhmansöýerlik häsiýetine eýerilip, göwnejaý dynç aldylar.

 15-nji noýabrda olar Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine, Türkmen milli haly muzeýine aýlanyp, türkmen halkynyň milliligi we taryhy gymmatlyklary bilen tanyş boldylar.

Meňzeş habarlar