BILIMLI NESIL — BUÝSANJYMYZ

      Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap terbiýelenýär. Şeýle hem häzirki wagtda ýaşlara sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalar barada maglumatlar giňişleýin öwredilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolmaklary barada döredilýän giň mümkinçilikdir.

      Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, ylmy işler bilen meşgullanmaklaryna ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilimiň, ylmy barlaglaryň hiline, ykdysady ösüşiň depginine üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleriň dürli ugurlarda zähmet çekmekleri baradaky işler kämilleşdirilýär.

      Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär. Şu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigini bellemek gerek. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini bellemek örän ýakymlydyr. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-synyň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi hem-de olara şahadatnamalaryň gowşurylmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly wakalarynyň biri boldy. Şeýle taryhy wakalar ýaş nesiller hakyndaky aladanyň güwäsi bolup, bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

      Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlara bilim bermekde, ylym öwretmekde täze-täze tejribelere daýanylýar. Bilimiň döwrebap ugurlary içgin öwrenilip, sanly bilim ösdürilýär we ylmy esasda öwrenilip, netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýaşlara okamaga, ukyp-başarnyklaryny yzygiderli ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

      Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Döwran ANNANEPESOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň mugallymy.

«Mugallymlar» gazetii.

13.11.2023 ý.

Meňzeş habarlar