Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ata Watanymyz tutuş dünýäde ýaşlaryň bähbitlerini ileri tutýan, ýaş nesliň göwnejaý ösüp ulalmagy babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe sürýän hem-de şol wezipelere amal etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Netijede bolsa, durmuş syýasatynyň bu ugrunda ýurdumyzda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşyny durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplaýar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary barada edýän ýadawsyz aladasy we berýän goldawy, olaryň işini kämilleşdirmekde döredýän ähli şertlerine jogap edip, biz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, öňümizde durýan jogapkärli wezipeleri aňryýany bilen ýerine ýetirmekligi özümize baş maksat edindik.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan alnyp barylýan işlere ýaşlaryň saldamly goşant goşmagy we ýaşlar guramasynyň işlerini ýokarlandyrmak, ýaşlar bilen ýaşlar guramasynyň işjeňligini artdyrmak, işgärleriň guramaçylyk ukybyny kämilleşdirmek, ýaşlary üstünliklere ruhlandyrmak meselelerine seredilip degişli işler alnyp baryldy. Eýýäm 32 ýylyň içinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärlerini hünär başarnygyny artdyrmak boýunça okuwlar, ilkinji Ýaşlar guramalaryň başlyklary, işjeň agzalary bilen duşuşyklar degişli döwürde yzygiderli geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller barada edýän bimöçber aladalarynda ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtly zamanamyzy wagyz etmekde, ýokary döredijilik başarnygyny, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, mekdepde göreldeli okaýan, köpçülik işlerinde işeňňirlik görkezýän, edep-ekramy, döredijiligi, zehini bilen deň duşlarynyň arasynda tapawutlanýan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlaryň arasynda yglan edilýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşikler, talyp oglan, gyzlaryň arasynda «Talyp gözeli», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly bäsleşikler, dokmaçy ýaşlaryň Watanymyza bolan buýsanjyny, milli medeni mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini açyp görkezmek maksady bilen «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli» atly bäsleşigi, ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmakdan, ýaşlaryň döredijilige we sungata bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen «Bagtyýarlyk döwrüniň ylham joşguny», «Berkarar döwletiň ýaňy» atly döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirildi.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmegine 32 ýyl dolmagy mynasybetli TMÝG-niň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher Geňeşi hem-de ýokary okuw jaýlarynyň ilkinji ýaşlar guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda talyp ýaşlaryň, edara kärhanalarda zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Ata-baba pentleri kalplarynda ornaýan, alkyşlary joşgunly ýaşlary bar ilimiň» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Ýerine ýetirilen aýdymlarda Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi hem-de ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryna ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli çärä gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar berildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir pursady uly ösüşlere beslenip, biziň köňül buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle ajaýyp özgertmeleri her ädimde diýen ýaly duýup ýaşaýan, işleýän gujur gaýratly, halal zähmetli ýaşlary terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bize okamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.