Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde oba hojalyk pudagynda giň gerimli işlere badalga berlip, döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhanlary tohum, tehnika, dökün, suw bilen üpjün etmek, tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek we beýleki goldaw-hemaýatlary bermek bilen bagly edilýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berip, oba zähmetkeşlerini päk zähmete ruhlandyrýar. Şeýle bolansoň daýhanlarymyz sahawatly topraga hyzmatyny, yhlas-azabyny gaýgyrman zähmet çekip, Watanymyzyň bereket-bolçulygyna saldamly goşandyny goşýarlar. Daýhanlarymyzyň her biri ýylboýy tutanýerli zähmet çekip, Hasyl toýuna mynasyp önümçilik görkezijileri bilen barmagyň arzuwynda. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alyp, ajaýyp toýy zähmet sowgady bilen garşylaýan babadaýhanlarymyzyň sany az däldir. Şeýle daýhanlarymyz Hasyl toýuna uly şatlyk, begenç we buýsanç bilen barýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň çekýän irginsiz zähmetine mynasyp baha berilmegi, döwletimizde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertleriň döredilmegi ählimiziň göwnümizi galkyndyrýar. Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetini barha kämilleşdirip, häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Ogulmaral GYLYJOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.